Facebook, YouTube, Instagram, WhatsApp, TikTok... ilkinji gezek esasy habar çeşmesine öwrüldi

  • 19.06.2025 11:04
  • 2.7k+

Sosial ulgamlar esasy habar çeşmesi hökmünde telewideniýeden, gazetlerden, habar saýtlaryndan we beýleki adaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden öňe geçýär. Bu barada Oksford uniwersitetiniň Reuters Institute for the Study of Journalism merkeziniň täze hasabatynda aýdylýar.

Gözlegiň awtorlary dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragyny jemleýän 48 ýurtda tas 100 müň adam bilen pikir soraşma geçirdi.
Onuň netijesinde diňe ABŞ-da uly ýaşly adamlaryň 54%-iniň habarlary sosial ulgamlaryň we wideo platformalaryň üsti bilen kabul edýändigi anyklandy. Deňeşdirmek üçin, pikir soraşma gatnaşanlaryň 50%-i habarlary telewizordan görýär, 48%-i habar saýtlaryny we programmalary ulanýar – 2013-nji ýylda bu görkezijiler, degişlilikde, 27%, 72% we 69% bolupdy.
Täzeliklerden habarly bolmak üçin iň meşhur sosial ulgam Facebook bolmagynda galýar – ony hasabata giren 48 ýurtdan ulanyjylaryň 36%-i agzady. Onuň yzyndan YouTube (30%), Instagram we WhatsApp (hersi 19%), TikTok (16%) we X (12%) gelýär. Soňky bir ýylda iň çalt ösen sosial ulgam TikTok boldy – onuň habar bilen üpjün ediji hökmünde meşhurlygy 4% ýokarlandy.
Bellenilişi ýaly, sosial ulgamlary ulanyjylar, köplenç, habarlary okamaýar-da, görýär. Habar wideosynyň gündelik sarp edilişi 2021-nji ýyldaky 55%-den 2025-nji ýylda 72%-e çenli ýokarlandy. Hususan-da, habarlar TikTok-da we ýaşlaryň arasynda meşhur bolan beýleki programmalarda işjeň görülýär.
Habar kontentinden gaçýan ulanyjylaryň paýy geçen ýyldan bäri 1 göterim punkt ýokarlanyp, 40%-e ýetdi. Bu habarlaryň ulanyjylary gaýgylandyrýandygy ýa-ha olaryň aşa köp bolmagynyň ýürege düşýändigi, ýa-da olara uruşlar we dawalar barada aşa köp habaryň duşýandygy bilen baglanyşykly boldy.
Gözleg sosial ulgamlaryň adaty KHBS-iň doly elýeterli bolmadyk auditoriýasyny: ýaşlary, sagçylary goldaýan adamlary we nusgawy žurnalistika ynanmaýanlary özüne çekýändigini görkezýär.
18 – 24 ýaş aralygyndaky adamlaryň arasynda habarlaryň esasy formaty audio we wideo boldy. Bu tendensiýany göz öňünde tutup, adaty neşirçiler YouTube we TikTok ýaly platformalarda kontenti wideo görnüşine geçirmäge çalyşýar.
Smartfonlar habarlary kabul etmek üçin esasy gurluş bolmagynda galýar. Pikir soraşma gatnaşan 35 ýaşdan kiçi adamlaryň 57%-i irdenini telefondaky habarlar bilen başlaýar.
Şeýle-de, ABŞ-da podkastlaryň meşhurlygy boýunça çap gazetleriniň we radionyň yzyndan ýetendigi belli boldy. 


30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......

19.05.2026 21:42
5.1k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......