Lego taryhynda iň gymmat toplumy - 1000 dollarlyk “Ölüm ýyldyzyny” çykarar

  • 07.09.2025 19:03
  • 5.7k+

Lego kompaniýasy “Ýyldyz uruşlarynyň” äheňinde taryhynda iň gymmat toplum boljak täze “Ölüm ýyldyzy” toplumyny çykarjakdygyny  mälim etdi. Konstruktoryň bahasy  999,99 dollar bolar diýip, The Verge habar berýär.

Satuwlar 4-nji oktýabrda başlar. Toplumda dokuz müňden gowrak bölek bolar. Ýygnalan görnüşinde modeliň beýikligi 70 santimetre, ini 80 santimetre ýetýär. Toplumda 38 şekiljik bar.
Konstruktor toplumy kosmos stansiýasynyň bir bölegi görnüşinde ýasalan. Ol “Ýyldyz uruşlaryndan” sahnalary ýasap boljak böleklere bölünýär. Şol ýerleriň arasynda şa gyzy Leýanyň tussaghana kamerasy, imperator Palpatiniň tagt zaly we Lýuk Skaýuoker bilen Han Solonyň giren angar dolandyryş merkezi bar.
Ondan öň iň gymmat Lego toplumy “Ýyldyz uruşlaryna” esaslanýan “Müňýyllygyň laçynydy”. Toplum 2017-nji ýylda hödürlenipdi. Ol 7400 bölekden ybarat bolup, häzirki wagtda 850 dollara satylýar.


09.05.2026 15:23
2.4k+

«Forsaž-yň» birinji filmindäki Toyota Supra MK4 Lego toplumy görnüşinde çykaryldy

LEGO kompaniýasy meşhur «Forsaž» filminiň birinji bölümine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasynyň täze toplumyny yglan etdi. Modeliň esasynda 2001-nji ýylyň meşhur kinofilminde jemleýji ýaryşda görkezilen......

02.05.2026 12:00
2k+

Şrek batgalykda: LEGO meşhur multfilmiň äheňindäki ilkinji toplumlaryny hödürledi

“LEGO Group” Universal kompaniýasy bilen bilelikde "Şrek" multfilminiň äheňindäki taryhda ilkinji resmi konstruktor toplumlaryny tanyşdyrdy. Kolleksiýanyň çykarylmagy asyl animasion filmiň geljekki 25......

14.04.2026 14:51
955

Netflix «One Piece» animesiniň LEGO görnüşiniň treýlerini hödürledi

Netflix striming gullugy «One Piece» («Bir bölek») älemine esaslanan LEGO-spin-off barada habar berdi we taslamanyň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi....

25.02.2026 10:40
2.1k+

Lego bu gezek Klod Moneniň meşhur eserini konstruktora öwürdi

Metropoliten sungat muzeýi Lego kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda täze Lego Art toplumyny tanyşdyrdy. Bu täze önüm muzeýiň kolleksiýasynda saklanýan Klod Moneniň 1899-njy ýylda çeken «Liliýaly howzuň üstündäki köpri» (Bridge over a Pond of Water Lilies) atly kartinasynyň esasynda döredildi...