Wengriýaly suratkeş LEGO-dan doly göwrümli tramwaý ýygnady. Ol 1,8 million bölekden ybarat

  • 31.12.2024 18:02
  • 7.4k+

Budapeştiň merkezinde LEGO-nyň 1,8 million bölejiginden ýasalan özboluşly tramwaý peýda boldy. 11 metrlik gurluşy wenger suratkeşi Balaž Doçi ýygnady diýip, South China Morning Post habar berýär.

Doçiniň sözlerine görä, taslamanyň üstünde 6800 sagatlap işlenildi we 90 kömekçiniň tagallasy gerek boldy.
Tramwaý şäheriň iň uly “Budapeştiň ulag merkezi” gatnawlar edarasy (Budapesti Közlekedési Központ) tarapyndan sargyt edildi. Gurluş şäheriň köçelerinde hereket etmäge ukyply, ýöne ýolagçy gatnadyp bilmeýär. Onuň daş ýüzüne ötegçileriň LEGO-nyň böleklerini dakyp bilmegi üçin ýörite plitalar goýlan.
Şeýle taslamalaryň üstünde işlemek juda takyklygy talap edýär.

“Megakonstruksiýalarda millimetriň ondan biri ýaly möçberdäki säwligiň goýberilmegi hem ähli zady puja çykaryp biler” - diýip, Balaž Doçi düşündirýär.

48 ýaşly suratkeş LEGO bilen çagalygyndan bäri gyzyklanýar.

“Biz has uly gurluşlary gurmak üçin goňşy çagalara esbaplaryny getirmegini haýyş edip ýalbarýardyk. Eýýäm şol wagtlar güýçli islegimiz bardy " - diýip, suratkeş  ýatlaýar.

2013-nji ýylda ol dogany bilen LEGO gurluşlaryny döredýän hem-de çagalar we ulular üçin çäreleri gurnaýan Brick Workshop kompaniýasyny döretdi. 2017-nji ýylda bolsa Balaž LEGO-nyň kepillendirilen hünärmeni hökmünde ykrar edildi.


09.05.2026 15:23
2.2k+

«Forsaž-yň» birinji filmindäki Toyota Supra MK4 Lego toplumy görnüşinde çykaryldy

LEGO kompaniýasy meşhur «Forsaž» filminiň birinji bölümine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasynyň täze toplumyny yglan etdi. Modeliň esasynda 2001-nji ýylyň meşhur kinofilminde jemleýji ýaryşda görkezilen......

02.05.2026 12:00
2k+

Şrek batgalykda: LEGO meşhur multfilmiň äheňindäki ilkinji toplumlaryny hödürledi

“LEGO Group” Universal kompaniýasy bilen bilelikde "Şrek" multfilminiň äheňindäki taryhda ilkinji resmi konstruktor toplumlaryny tanyşdyrdy. Kolleksiýanyň çykarylmagy asyl animasion filmiň geljekki 25......

14.04.2026 14:51
943

Netflix «One Piece» animesiniň LEGO görnüşiniň treýlerini hödürledi

Netflix striming gullugy «One Piece» («Bir bölek») älemine esaslanan LEGO-spin-off barada habar berdi we taslamanyň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi....

10.04.2026 15:39
3.9k+

Millionlyk tapyndy: Wengriýada tapylan kartina Wan Goguň eseri bolmagy mümkin

Budapeştde gollandiýaly postimpressionist Winsent Wan Goguň (1853-1890) eseriniň bolmagy mümkin diýip hasaplanýan kartina tapyldy diýip, Wengriýanyň Blikk neşiri habar berýär....