Millionlyk tapyndy: Wengriýada tapylan kartina Wan Goguň eseri bolmagy mümkin

  • 10.04.2026 15:39
  • 3.9k+

Budapeştde gollandiýaly postimpressionist Winsent Wan Goguň (1853-1890) eseriniň bolmagy mümkin diýip hasaplanýan kartina tapyldy diýip, Wengriýanyň Blikk neşiri habar berýär.

Kartina eseriň awtorlygyny we döredilen döwrüni anyklamak üçin daşary ýurtly kolleksiýaçy tarapyndan Nakgaşçylyk barlaglary laboratoriýasyna ekspertizadan geçirmek üçin berildi.

Laboratoriýanyň müdiri Žofiýa Wegwari boýaglaryň himiki düzümine esaslanyp, kartina 1885-1890-njy ýyllar aralygynda çekilipdir diýen netijä geldi.

Bu eser Pariždäki Orse muzeýinde saklanýan "Arldaky tans zaly" (1888) eseri bilen meňzeş diýen ýalydyr. Bilermenler bu tapyndynyň meşhur kartina üçin deslapky barlag etýudy bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

"Suratkeşler köplenç bir tema boýunça birnäçe eser döredýärler we Winsentiň özi bu barada dogany Teo ýazan hatlarynda nygtaýar. Belki, bu hem şol bir eseriň taýynyň mysalydyr; barlaglar we sowallaryň jogaplaryny gözlemek dowam edýär" diýip, Wegwari belledi.

Kartinanyň häzirki eýesi we onuň satyn alnyş taryhy barada heniz maglumat berilmedi.


10.06.2026 08:53
3.2k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....