Daniýanyň Lego kompaniýasy Wýetnamyň Binzyong günorta welaýatynda konstruktor önümçiligi boýunça täze zawod açdy. Bu kompaniýanyň dünýäde altynjy we Aziýada ikinji kärhanasy boldy diýip, WIA agentligi habar berýär.
Taslama goýlan maýa goýumlaryň umumy möçberi 1,3 mlrd dollardan geçdi. Kärhanada 4 müň töweregi adam işlär diýip garaşylýar. Täze zawod Lego önümleriniň Aziýa bazarlaryna iberilmegini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Kärhana ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň nusgasy hökmünde döredildi. Ol Wýetnamyň aýlawly ykdysadyýete geçiş strategiýasyna laýyk gelýär.
Wýetnamyň premýer-ministriniň orunbasary Maý Wan Çin zawodyň açylyş dabarasynda bu taslamanyň ýokary tehnologiýalara, daşky gurşawyň goragyna we ýaşyl ösüşe gönükdirilen daşary ýurt maýa goýumlarynyň täze nesliniň nusgasy bolup durýandygyny belledi.
Lego-nyň baş direktory Nils Kristiansen zawodyň işe girizilmegini Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde önümçilik kuwwatyny giňeltmek boýunça strategiki ädim we kompaniýanyň durnukly ösüşe ygrarlylygynyň tassyknamasy diýip atlandyrdy.
Kompaniýa kärhananyň işini gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň hasabyna üpjün etmegi meýilleşdirýär. Şeýle-de, ýylyň ahyryna çenli goňşy Dongnaý welaýatynda eltip beriş merkezini açmak meýilleşdirilýär.
Lego-nyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda kompaniýanyň satuwy 13% ýokarlanyp, 74,3 mlrd Daniýa kronyna ($10,8 mlrd) barabar boldy. Şeýle ösüş Demirgazyk we Günorta Amerikada, Ýewropada we Ýakyn Gündogarda islegiň artmagy bilen baglanyşyklydyr.