Lego Land Rover Defender wnedorožniginden we Jaguar Project 7 rodsterinden ybarat täze toplum çykarýar

  • 29.05.2026 23:10
  • 2k+

Lego Speed Champions seriýasynyň hataryna 740 bölekden ybarat bolan täze toplum goşuldy. Bu toplum birbada Britaniýanyň meşhur awtomobilleriniň ikisini: Land Rover Defender wnedorožnigini we Jaguar Project 7 sport awtomobilini ýygnamaga mümkinçilik berýär.

Eger Defender modelleri ozal brendiň assortimentinde duş gelen bolsa, Jaguar Project 7 dizaýner görnüşinde ilkinji gezek öndürilýär. Täze önümiň satuwy awgust aýynda başlanar we bahasy 60 dollardan ybarat bolar.

Hakyky Jaguar Project 7 awtomobili 2015-nji ýylda diňe 250 nusga bilen çykarylypdy. Ol seriýaly F-Type SVR modeliniň ýörite wersiýasydyr. Bu model brendiň «Le-Man» ýaryşlaryndaky ýedi ýeňşine bagyşlanýar we 1950-nji ýyllaryň nusgawy D-Type stilinde bezelendir. 575 at güýjüne eýe bolan 5,0 litrlik V8 hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan Project 7, brendiň içinden ýandyrylýan hereketlendirijili iň güýçli seriýaly modeline öwrüldi.

Jaguar Project 7 sport awtomobiliniň Lego wersiýasy asyl nusganyň daşky görnüşini takyk gaýtalaýar: dizaýnerler awtomobiliň arkasyndaky mahsus aerodinamiki «örküjini», antiknatyny we gapdallaryndaky tegelek ak sanlaryny saklap galypdyrlar.

Toplumdaky «gysga» pikap Land Rover Defender bolsa, goşmaça şnorkel, güýçlendirilen kuzow goraýjylary, ekspedisiýa bagažnigi we palçyk üçin niýetlenen tigirler bilen enjamlaşdyrylandyr.

Belläp geçsek, maý aýynyň başynda Speed Champions seriýasy «Forsaž» (Fast & Furious) älemine degişli täze toplum bilen hem baýlaşdy. Oňa meşhur mämişi reňkli Toyota Supra we Braýan O’Konnoryň figurasy goşuldy, emma bu toplumyň bahasy iki esse arzan — 30 dollar.


17.06.2026 11:29
4.3k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

17.06.2026 11:16
870

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

17.06.2026 09:59
1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

15.06.2026 19:06
1.2k+

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......