Şwesiýaly bir adam Lego kubiklerinden doly göwrümli Volvo V70-i gurnady. Ony sürüp bolýar

  • 08.04.2025 13:54
  • 5.5k+

Şwesiýaly höwesjeň Dewid Gustafson Lego konstruktoryndan Volvo V70-iň doly göwrümli modelini döretdi. Awtoulagy ýygnamak üçin oňa dört ýyl töweregi wagt gerek boldy diýip, auto.ru habar berýär.

Taslama Brick Scale başlangyjynyň bir bölegine öwrüldi. Gustafson Lego-nyň janköýerleri üçin geçirilen bäsleşikde gazanan ýeňşi üçin 400 000 kubjagaz aldy. Baýragyň agramy bir tonnadan gowrakdy we awtoryň sözlerine görä, hatda ony öýüne äkitmek hem aňsat düşmändir.
Modeli döredende Gustafson awtoulagyň asyl nusgasyny ünsli öwrenipdir. Ol käbir ýalňyşlyklary hem goýberendigini boýun alýar, käbir bölekleri söküp, gaýtadan gurnamaly bolupdyr. Hatda awtoulagyň içki bölegi hem döredilipdir, şol sanda onuň ruly, merkezi konsoly we doly bahaly rul mehanizmi bar.
Gurluşyň mäkäm durmagyny üpjün etmek üçin içine demir çarçuwa goýlupdyr. Ulag kiçijik elektrik hereketlendirijisi arkaly herekete getirilýär we uzak aralykdan dolandyryp bolýar.
Indi Volvo V70 -iň Lego görnüşi dürli sergilerde görkezilýär.



06.02.2026 15:08
2.6k+

Volvo täze EX60-yň tanyşdyrylyşyndaky "adatdan daşary" tekerleriň syryny düşündirdi

Volvo kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin özüniň ýeke-täk täze modeli bolan EX60 elektrik krossowerini tanyşdyrdy. Emma tanyşdyrylyş dabarasy täze tehnologiýalardan has köp, ulagyň tekerleriniň "adatdan daşary" hereketi bilen ýatda galdy...

27.01.2026 10:20
2.2k+

2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar

Volvo kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri öndürilen awtoulaglar üçin multimediýa ulgamlarynyň düýpli täzelenendigini yglan etdi. Bu täzelenme bütin dünýäde takmynan 2,5 million awtoulaga degişli bolar we sürüjilere diler merkezine barmazdan, iň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer...

16.01.2026 08:38
1.9k+

Indi iki sany Bugatti giperkaryny LEGO konstruktorlary görnüşinde gurup bolar

Bugatti kompaniýasy LEGO bilen täze hyzmatdaşlygy yglan etdi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Bugatti Chiron Pur Sport we Bugatti Vision Gran Turismo giperkarlarynyň nusgalaryny düzüp boljak iki sany täze toplum döredildi...

17.10.2025 17:14
5.2k+

Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr...