Dünýäniň ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndürijileriniň reýtingi düzüldi

  • 09.03.2026 11:12
  • 5k+

Lead The Charge toparynyň geçiren barlaglaryna görä, Amerikanyň Tesla kompaniýasy dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndüriji hökmünde ykrar edildi.

Bilermenler diňe bir modelleriň hataryny däl, eýsem ulaglaryň tutuş önümçilik dolanyşygyny seljerdiler. Reýtinge 18 awtoulag öndürijisi girdi. Olar elektrik ulaglaryň önümçiliginden çykýan hakyky zyýanly gazlaryň möçberine, gazylyp alynýan ýangyjyň ulanylyşyna, şeýle hem adam hukuklarynyň berjaý edilişine we serişdeleriň jogapkärli sarp edilişine baha berdiler.

Barlagyň netijelerine görä, Tesla howanyň üýtgemegine iň az täsir edýär. Ford we Volvo ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Hytaý kompaniýalarynyň arasynda Geely sekizinji orny eýeläp, iň gowy netijäni görkezdi.

Toyota, GAC we SAIC kompaniýalary 10%-den aşak netije bilen reýtingiň iň aşaky böleginde ýerleşdiler.

JD Power tarapyndan geçirilen aýratyn barlag elektrik ulaglarynyň eýeleriniň ýokary derejede kanagatlanma bildirýändigini görkezdi. Segmentde satuwyň umuman pese gaçandygyna garamazdan, kanagatlanmanyň görkezijisi alty ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi.

Tesla we Ford elektrik ulaglarynyň eýeleri ulagyndan iň razy adamlardyr. Audi we Honda ulaglarynyň eýeleri bolsa kanagatlanma derejesi iň pes adamlardyr.


şu gün 09:56
775

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

düýn 12:20
2.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.2k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....