Volvo täze EX60-yň tanyşdyrylyşyndaky "adatdan daşary" tekerleriň syryny düşündirdi

  • şu gün 15:08
  • 464

Volvo kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin özüniň ýeke-täk täze modeli bolan EX60 elektrik krossowerini tanyşdyrdy. Emma tanyşdyrylyş dabarasy täze tehnologiýalardan has köp, ulagyň tekerleriniň "adatdan daşary" hereketi bilen ýatda galdy.

Dabara gatnaşýan tomaşaçylar geň bir ýagdaýyň şahady boldular: EX60-yň tekerleri ulagyň özüniň hereketinden has çalt aýlanýardy. Hatda ulag duran ýerinde hem tekerler aýlanmagyny dowam etdirýärdi. Bu ýagdaý köpçülik tarapyndan tehniki kemçilik ýa-da gizlin gözbagçylyk hökmünde kabul edildi.
Kompaniýa dörän soraglara jogap edip, bu "hadysany" düşündirýän wideo çykardy. Munuň syry şeýle: tanyşdyrylyşda ulanylan awtoulagda ýöriteleşdirilen polat diskler bardy. Olaryň içine ýörite dolandyryjylar (kontrollerler) we mehanizmler ornaşdyrylypdyr. Ulgam 12 woltluk batareýadan energiýa alyp, ulagdan garaşsyz hereket edýärdi.
Volvo bu aýlanýan tekerleriň diňe prezentasiýa üçin niýetlenen täsinlikdigini, adaty satuwa çykjak ulaglarda beýle "özbaşdak" tekerleriň bolmajakdygyny tassyklady.

EX60 modeli meşhur XC60-yň ornuny tutar we ol adaty hem-de ýolsuz ýerler üçin niýetlenen Cross Country wersiýalarynda hödürlener. Emma ulagyň iň uly artykmaçlygy onuň batareýasyndadyr. Elektromobilleriň köpüsi gyşda batareýany 25 gradusa çenli gyzdyrmaly bolandygy üçin zarýad beriş tizligini ýitirýärler. EX60 batareýanyň hakyky temperaturasyna, ýagdaýyna we ýol şertlerine görä zarýad beriş parametrlerini awtomatiki sazlaýar. Bu bolsa batareýany öňünden uzak wagtlap gyzdyrman hem, ýokary tizlikli zarýad berijilerde çalt energiýa almaga mümkinçilik berýär.


27.01.2026 10:20
2.2k+

2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar

Volvo kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri öndürilen awtoulaglar üçin multimediýa ulgamlarynyň düýpli täzelenendigini yglan etdi. Bu täzelenme bütin dünýäde takmynan 2,5 million awtoulaga degişli bolar we sürüjilere diler merkezine barmazdan, iň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer...

17.10.2025 17:14
5.2k+

Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr...

07.10.2025 12:48
2.6k+

Volvo bir millionynjy zarýad berilýän gibridini öndürdi

Volvo Cars möhüm üstünlik barada habar berdi: sentýabr aýynda bir millionynjy zarýad berilýän gibrid konweýerden çykdy. Kompaniýa bu sepgidi dolulygyna elektrikli modeller hataryna geçmek strategiýasynda möhüm ädim diýip atlandyrýar...

13.09.2025 14:55
6.9k+

Toyota dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi. Aýry-aýry ýurtlar boýunça bu görkeziji nähilikä?

Toyota 2024-nji ýylda dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi boldy. Kompaniýa ABŞ we Ýakyn Gündogar ýaly milli bazarlaryň aglabasynda birinji ýeri eýeledi. World Wide Mobility neşiri ýurt boýunça iň meşhur awtoulag öndürijileriniň kartasyny neşir etdi...