Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi

  • 17.10.2025 17:14
  • 5k+

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler.

Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr.
2025-nji ýylyň başyndan bäri dünýäde takmynan 7000 sany V90 we V90 Cross Country awtoulaglary satyldy — bu görkeziji markanyň umumy satuwynyň bary-ýogy 1%-den gowrak bölegini düzýär. Şol bir wagtda has ykjam V60 uniwersalynyň önümçiligi dowam edýär.

V90 modeli ilkinji gezek 2016-njy ýylda tanyşdyrylypdy. Ol S90 sedanynyň binýadynda döredilip, XC90 krossoweriniň ikinji neslinden soňra, SPA modul platformasynda gurlan ikinji ulag boldy. Model 2020-nji ýylda gaýtadan işlenilipdi.
Geçen ýyl kompaniýa elektrikli ES90 liftbekine ýer boşatmak maksady bilen S90 sedanynyň önümçiligini hem togtatdy.

V90 benzin, dizel we gibrid hereketlendirijiler bilen — 150-den 320 at güýjüne çenli güýçde, öň tekerleri ýa-da ähli tekerleri hereket edýän görnüşlerde çykaryldy. Gibrid wersiýalarynda goşmaça 87 at güýjünde elektrik hereketlendirijisi hem ulanylypdy.
Häzirki wagtda Volvo-nyň model hatarynda krossowerler agdyklyk edýär. 2025-nji ýylyň ortalarynda XC60 modeli, 32 ýyldan soň ilkinji gezek meşhur Volvo 240-ny yzda galdyryp, kompaniýanyň iň geçginli ulagyna öwrüldi.


07.10.2025 12:48
2.5k+

Volvo bir millionynjy zarýad berilýän gibridini öndürdi

Volvo Cars möhüm üstünlik barada habar berdi: sentýabr aýynda bir millionynjy zarýad berilýän gibrid konweýerden çykdy. Kompaniýa bu sepgidi dolulygyna elektrikli modeller hataryna geçmek strategiýasynda möhüm ädim diýip atlandyrýar...

13.09.2025 14:55
6.7k+

Toyota dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi. Aýry-aýry ýurtlar boýunça bu görkeziji nähilikä?

Toyota 2024-nji ýylda dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi boldy. Kompaniýa ABŞ we Ýakyn Gündogar ýaly milli bazarlaryň aglabasynda birinji ýeri eýeledi. World Wide Mobility neşiri ýurt boýunça iň meşhur awtoulag öndürijileriniň kartasyny neşir etdi...

12.08.2025 14:47
3.8k+

Täze Volvo XC70 birbada 4 hereketlendirijä we 1200 km ýol ätiýaçlygyna eýe boldy

Volvo täze nesil krossoweri XC70 üçin deslapky sargytlary açýar. Kompaniýa ulagyň käbir tehniki aýratynlyklaryny aýtdy we oňa görä XC70 birbada dört hereketlendirijä eýe boldy. CarNewsChina-nyň maglumatlaryna görä, model 5,28 sekuntda 100 km/sag çenli tizligini artdyrýar we gibridler üçin döredilen täze arhitektura esaslanýar...

29.07.2025 19:01
5.3k+

Volvo XC 70 wnedorožnigi skandinaw äheňine eýe boldy

Volvo kompaniýasy XC70 wnedorožniginiň täze modelini çykardy. Geçirilýän gibrid özünde skandinaw äheňli ýokary tehnologiýany jemleýär. XC70 SMA-nyň platformasynda gurlan. Güýç gurluşy 1,5 litrlik benzinli hereketlendirijiden we 120 kW kuwwatly elektrik hereketlendirijisinden ybarat...