2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar

  • 27.01.2026 10:20
  • 2.2k+

Volvo kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri öndürilen awtoulaglar üçin multimediýa ulgamlarynyň düýpli täzelenendigini yglan etdi. Bu täzelenme bütin dünýäde takmynan 2,5 million awtoulaga degişli bolar we sürüjilere diler merkezine barmazdan, iň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Täzelenmeden soň, köne modelleriň interfeýsi Volvo-nyň iň soňky EX30, EX60 we EX90 modelleriniň dizaýnyna meňzeş bolar. Awtoulaglarda Google-yň emeli aň kömekçisi peýda bolar. Ol diňe bir ulagyň funksiýalaryny dolandyrman, eýsem sürüji bilen söhbetdeşlik gurnap we çylşyrymly soraglara jogap berip biler. Täze funksiýalar köne modellerdäki çipler we kiçi ekranlar üçin ýörite optimizirlendi, şonuň üçin ulgamyň tizligi peselmez.
Volvo bu ädimi "dünýä taryhynda iň uly simsiz (Over-the-Air) täzelenmeleriň biri" diýip atlandyrýar.
Awtoulag eýeleriniň hyzmat merkezine barmagyna zerurlyk ýok. Diňe Internete birigip, uzakdan göçürip alynýan täzelenmäni tassyklamak ýeterlikdir.
Bu programma üpjünçiligi köne modelleriň multimediýa ulgamlarynyň ömrüni uzaldýar we ulanyjy tejribesini has ýokary derejä göterýär. Öň diňe täze satyn alnan awtoulaglarda bolan intellektual funksiýalar indi 5 ýyl mundan ozal öndürilen ulaglarda hem elýeterli bolar.


06.02.2026 15:08
2.6k+

Volvo täze EX60-yň tanyşdyrylyşyndaky "adatdan daşary" tekerleriň syryny düşündirdi

Volvo kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin özüniň ýeke-täk täze modeli bolan EX60 elektrik krossowerini tanyşdyrdy. Emma tanyşdyrylyş dabarasy täze tehnologiýalardan has köp, ulagyň tekerleriniň "adatdan daşary" hereketi bilen ýatda galdy...

17.10.2025 17:14
5.2k+

Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr...

07.10.2025 12:48
2.6k+

Volvo bir millionynjy zarýad berilýän gibridini öndürdi

Volvo Cars möhüm üstünlik barada habar berdi: sentýabr aýynda bir millionynjy zarýad berilýän gibrid konweýerden çykdy. Kompaniýa bu sepgidi dolulygyna elektrikli modeller hataryna geçmek strategiýasynda möhüm ädim diýip atlandyrýar...

13.09.2025 14:55
6.9k+

Toyota dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi. Aýry-aýry ýurtlar boýunça bu görkeziji nähilikä?

Toyota 2024-nji ýylda dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi boldy. Kompaniýa ABŞ we Ýakyn Gündogar ýaly milli bazarlaryň aglabasynda birinji ýeri eýeledi. World Wide Mobility neşiri ýurt boýunça iň meşhur awtoulag öndürijileriniň kartasyny neşir etdi...