LEGO toplumy 1 milliondan gowrak çaga MRT-den gorkusyny ýeňmäge kömek etdi

  • 22.10.2025 14:21
  • 3.9k+

Daniýanyň meşhur oýnawaç öndürijisi bolan LEGO kompaniýasy özüniň «LEGO MRI Scanner» atly okuw toplumy arkaly dünýä boýunça 1 milliondan gowrak çaga MRT barlagyndan öň dörän gorkularyny ýeňmäge kömek edendigini mälim etdi.

LEGO Foundation bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan bu toplum tomograf enjamynyň nusgasyny, düşekçäni, garaşylýan otagy, lukmançylyk işgärleriniň şekillerini we degişli esbaplary öz içine alýar. Toplumyň maksady — MRT barlagynyň nähili geçýändigini, onuň agyrysyzdygyny we şöhlelenme ulanmaýandygyny çagalara düşündirmekdir.
LEGO-nyň geçiren gözlegine görä, lukmanlaryň 96%-i bu toplumyň MRT barlagyndan öň çagalaryň howatyrlanmasyny azaldýandygyny, 46%-i bolsa narkoz ulanmagyň zerurlygynyň peselendigini belläpdir.
2023-nji ýyldan bäri kompaniýa bu okuw toplumynyň 10 müňe golaý nusgasyny jemgyýetçilik jogapkärçiligi maksatnamasynyň çäginde dünýäniň dürli künjeklerindäki hassahanalara sowgat berdi.
Şeýle mysallaryň biri — ABŞ-da ýaşaýan 14 ýaşly Sem Leýn bilen baglanyşykly. Ol beýni we ýürek-damar ulgamynyň seýrek duş gelýän rak keselinden bejergi alan döwründe Boston şäherindäki çagalar hassahanasynda ilkinji «LEGO MRI» toplumyny ýygnamaga kömek edipdir.
Onuň ejesi Kristina bu wakanyň ogluna ruhy goldaw bolandygyny aýtdy:

“Sem bejergi alýarka gaty kyn düşýärdi. Emma oňa tomografyň nusgasyny ýygnamaga kömek etmegi teklip edendiklerinde ol joşup gitdi. Bu oňa özüne bolan ynamyny we many duýgusyny berdi — sebäbi ol beýleki çagalara peýdaly bir zady edýärdi,” — diýip, Kristina gürrüň berdi.

Sem bolsa şeýle diýdi:

“Men bu toplumy ýygnaýarkam keselimden ünsümi sowdum. Indi bolsa bu toplumyň beýleki çagalara MRT-den gorkmazlyga kömek edýändigini bilýärin. Bu gaty täsin duýgy.”


17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3.1k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....