LEGO 32 gektar meýdanda äpet Gün energiýa parkyny döredýär: ol ýerde 30 700 panel oturdylar

  • 24.03.2026 16:50
  • 1.9k+

LEGO Group kompaniýasy Wirjiniýa ştatynyň (ABŞ) Çesterfild okrugynda öz hususy Gün elektrostansiýasy bolan önümçilik toplumyny gurýar. Taslama 32 gektar meýdany tutýan Gün energiýa parkyny döretmegi göz öňünde tutýar diýip, Interesting Engineering habar berýär.

Bu ýerde 30 700-den gowrak panel gurlar we olar 22 MWt çenli kuwwatlygy üpjün eder. Mundan başga-da, binalaryň üçeklerinde umumy kuwwaty 6,11 MWt bolan ýene 10 080 panel ýerleşdiriler. Bu bolsa daşarky energiýa çeşmelerinden bölekleýin ýüz döndürmäge mümkinçilik berer.

Umumy bahasy 1,5 milliard dollar bolan bu taslama entek 2022-nji ýylda tanyşdyrylypdy. 138 gektar meýdanda jemi 13 sany bina, şol sanda önümçilik sehleri we awtomatlaşdyrylan ammar gurulýar.

Zawod "uglerod-bitarap" bolar ýaly taslanyldy. Munuň üçin energiýa tygşytlaýjy çözgütler ulanylýar: binalaryň amatly ýerleşdirilmegi, döwrebap izolýasiýa we howany dolandyryş ulgamlary. Şeýle-de, ofis otaglarynda agaç materiallaryny ulanmak we önümçilik galyndylaryny azaltmak göz öňünde tutulýar.


şu gün 20:50
2.2k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

şu gün 13:26
937

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

şu gün 13:04
3.5k+

Fizikler altynyň «ebedi lowurdysynyň» syryny açdy we ony soldurmagyň usulyny tapdy

Altynyň ony naýbaşy şaý-sep metalyna öwürýän himiki passiwligi uzak wagtlaryň dowamynda ylym üçin syr bolup galdy. Tuleýn uniwersitetiniň (ABŞ) alymlar topary ilkinji gezek altynyň okislenmäge bolan täsin......

düýn 00:14
2.1k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....