Lego oýnawaçlar bazaryndaky çökgünlige garamazdan, rekord dereje satyş etdi we girdeji gazandy

  • 14.03.2025 12:54
  • 2k+

Daniýanyň Lego kompaniýasy 2024-nji ýylda rekord netijeleri gazanandygyny mälim etdi. Munuň esasy sebäbi «Şäher», «Ýyldyz söweşleri» we «Garri Potter» ýaly beýleki meşhur toplumlara bolan ýokary isleg boldy diýip, «Reuters» neşiri habar berýär.

Kompaniýanyň ýyllyk girdejisi 13% artdy we 10,9 mlrd dollar boldy. Operasion girdejisi hem 10% ýokarlanyp, 2,7 mlrd dollara ýetdi. Arassa girdejisi-de garaşylandan hem ýokary bolup, 5% artyp, 2 mlrd dollar boldy. 2024-nji ýylda dünýäniň oýunjak bazary 1% peselse-de, Lego-nyň görkezijileri ösmegini dowam etdirdi. Şol bir wagtda, kompaniýanyň esasy bäsdeşleri bolan Mattel we Hasbro satuwlarynyň pese gaçýandygyny mälim etdiler.
Lego önümlerine Demirgazyk we Günorta Amerikada, Ýewropada hem-de Ýakyn Gündogarda uly isleg bildirildi. Kompaniýa Meksikadaky, Wengriýadaky we Hytaýdaky zawodlarynda önümçiligiň möçberini artdyrandygyny mälim etdi. Ýakyn wagtda Wýetnamda, 2027-nji ýylda bolsa ABŞ-da täze zawod açylar. Şeýle-de Lego-nyň ýolbaşçysy Nils Kristiansen ABŞ-nyň täze girizýän gümrük paçlarynyň, kompaniýa oňaýsyz täsir edip-etmejekdigi barada alada etmeýändigini aýtdy.


29.05.2026 23:10
1.8k+

Lego Land Rover Defender wnedorožniginden we Jaguar Project 7 rodsterinden ybarat täze toplum çykarýar

Lego Speed Champions seriýasynyň hataryna 740 bölekden ybarat bolan täze toplum goşuldy. Bu toplum birbada Britaniýanyň meşhur awtomobilleriniň ikisini: Land Rover Defender wnedorožnigini we Jaguar Project 7......

25.05.2026 07:34
3.3k+

Lego ilkinji BMW M3 E30-y konstruktor görnüşinde çykarar

Lego kompaniýasy birinji nesil BMW M3 E30 kupesine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasyndan täze toplumy taýýarlaýar. Konstruktoryň satuwy 1-nji awgustda başlanar....

10.05.2026 19:42
1.9k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

27.04.2026 16:06
3.3k+

LEGO "Möý adam: Düýbünden täze gün" filmi esasynda üç täze toplumy döretdi

LEGO kompaniýasy "Möý adam: Düýbünden täze gün" filminiň geljekki premýerasyna bagyşlanan üç temaly toplumyň çykarylandygyny yglan etdi....