Lego ilkinji BMW M3 E30-y konstruktor görnüşinde çykarar

  • şu gün 07:34
  • 222

Lego kompaniýasy birinji nesil BMW M3 E30 kupesine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasyndan täze toplumy taýýarlaýar. Konstruktoryň satuwy 1-nji awgustda başlanar.

Kompaniýanyň bu täze toplumy işläp düzýändigi barada Lego-nyň işgärler toparynyň Germaniýadaky BMW-niň ştab-kwartirasyna eden saparyndan soň mälim edildi. Ol ýerde awtoulag konserniniň dizaýnerleri we inženerleri bilen geňeşmeler geçirilipdi.

Häzirki wagtda Lego diňe prototipleriň suratlaryny çap etdi. Konstruktoryň bahasy ABŞ-da 30 dollar, Ýewropada bolsa 28 ýewro bolar.

Kompaniýa şeýle hem modeliň reňkiniň şekillerini görkezdi. Dizaýny wintaž stilinde ýerine ýetirilip, ol bar bolan sport ulagynyň bezegine bölekleýin esaslanýar. Lego-nyň düşündirişine görä, burçlak çyzgy firmanyň kubikleriniň formasyna meňzedilipdir, kapotdaky “40-lyk” san bolsa «M3» modeliniň ýubileýini aňladýar.

Toplumyň detallarynyň takyk sany entek mälim edilmedi. Şol bir wagtyň özünde, dizaýnerler klassiki sport ulagynyň daşky görnüşiniň esasy elementlerini gaýtalamaga çalyşandyklaryny aýtdylar.

Takmynan iki ýyl ozal Lego eýýäm «Speed Champions» seriýasy üçin BMW-niň iki sany ýaryş awtoulagyny — M Hybrid V8 we M4 GT3 halka görnüşli kupesini öz içine alýan toplumy çykarypdy. Şonda toplum 676 detaldan ybaratdy.


20.05.2026 11:34
4.5k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

10.05.2026 19:42
1.8k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

27.04.2026 16:06
3.2k+

LEGO "Möý adam: Düýbünden täze gün" filmi esasynda üç täze toplumy döretdi

LEGO kompaniýasy "Möý adam: Düýbünden täze gün" filminiň geljekki premýerasyna bagyşlanan üç temaly toplumyň çykarylandygyny yglan etdi....

05.03.2026 23:43
2.6k+

Lego rowaýata öwrülen Ford Model T konstruktoryny çykardy

Lego kompaniýasy awtoulaglaryň köpçülikleýin önümçilik döwrüniň öňbaşçysy hasaplanýan Ford Model T-e bagyşlanan täze toplumyny çykaryp, Lego Icons seriýasyny giňeltdi. Toplumyň bahasy 129,99 dollar. Deňeşdirmek üçin: 1920-nji ýyllarda hakyky Model T-niň bahasy 250-den 290 dollara çenli bolupdyr...