LEGO “Karib deňziniň garakçylarynyň” stilinde täze toplum çykardy

  • 01.09.2025 16:59
  • 3.3k+

LEGO kompaniýasy “Kapitan Jek Serçäniň garakçylyk gämisi” ady bilen “Karib deňziniň garakçylary” filmi boýunça täze toplum çykardy. Ol 2862 bölekden ybarat bolup, olardan “Gara dür” gämisiniň modelini ýygnap bolýar.

Topluma sekiz heýkeljik goşuldy: kapitan Jek Serçe, Uill Týorner, Elizabet Suonn, Gektor Barbossa, Gibbs, Kotton, Anamariýa w Marti. Her heýkeljigiň ululygy 23 santimetre barabar.
Model 15-nji sentýabrda 379,99 dollar bahadan satuwa çykar.
Mundan öň LEGO “Willi Wonka we şokolad fabrikasy” toplumyny we Garri Potter baradaky filmlerden Hogsmid obasyna bagyşlanan toplumy çykardy.
Kompaniýanyň galtamanlyk temasyna gaýdyp gelmegi “Karib deňziniň garakçylary” filminiň altynjy bölümine taýýarlyk bilen baglanyşykly bolup biler. Prodýuser Jerri Brukhaýmer Jonni Depp bilen aktýoryň kapitan Jek Serçäniň keşbine gaýdyp gelmek mümkinçiligi barada gepleşikleriň geçirilýändigini aýtdy. Geljekki film üçin ssenarini Kreýg Mazin (“The Last of Us”), Ted Elliot we bäşinji bölümiň awtory Jeff Natanson ýazar.
2022-nji ýylda Jonni Depp töhmet baradaky kazyýet işinde hatda uly pula-da bu keşbe gaýdyp gelmejekdigini aýtdy. Şondan bäri ol, esasan, garaşsyz filmlerde surata düşýär.


09.05.2026 15:23
2.4k+

«Forsaž-yň» birinji filmindäki Toyota Supra MK4 Lego toplumy görnüşinde çykaryldy

LEGO kompaniýasy meşhur «Forsaž» filminiň birinji bölümine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasynyň täze toplumyny yglan etdi. Modeliň esasynda 2001-nji ýylyň meşhur kinofilminde jemleýji ýaryşda görkezilen......

02.05.2026 12:00
2k+

Şrek batgalykda: LEGO meşhur multfilmiň äheňindäki ilkinji toplumlaryny hödürledi

“LEGO Group” Universal kompaniýasy bilen bilelikde "Şrek" multfilminiň äheňindäki taryhda ilkinji resmi konstruktor toplumlaryny tanyşdyrdy. Kolleksiýanyň çykarylmagy asyl animasion filmiň geljekki 25......

14.04.2026 14:51
963

Netflix «One Piece» animesiniň LEGO görnüşiniň treýlerini hödürledi

Netflix striming gullugy «One Piece» («Bir bölek») älemine esaslanan LEGO-spin-off barada habar berdi we taslamanyň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi....

25.02.2026 10:40
2.1k+

Lego bu gezek Klod Moneniň meşhur eserini konstruktora öwürdi

Metropoliten sungat muzeýi Lego kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda täze Lego Art toplumyny tanyşdyrdy. Bu täze önüm muzeýiň kolleksiýasynda saklanýan Klod Moneniň 1899-njy ýylda çeken «Liliýaly howzuň üstündäki köpri» (Bridge over a Pond of Water Lilies) atly kartinasynyň esasynda döredildi...