LEGO we Netflix «Keý-pop melgun awçylary» multfilmi boýunça toplum döredýärler

  • 06.02.2026 13:01
  • 653

​LEGO we Netflix «Keý-pop melgun awçylary» (K-Pop Demon Hunters) multfilmi esasynda birnäçe toplumlaryny yglan etdiler. Birinji toplumy şu ýylyň ýazynda sargyt edip bolar, satuwa bolsa tomusda çykar.

​Tizerde gaplaňy ýatladýan, pişikler maşgalasyndan bolan täsin jandar — Derpi görkezildi. Wideoda haýwan güldany agdarýar.
​Beýleki toplumlar 2027-nji ýylda çykar. Multfilm Netflix-de ýarym ýylda tomaşa sany boýunça rekord goýdy: 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda ol 482 million gezek tomaşa edildi. Bu görkeziji striming hyzmatynyň şol bir döwürdäki islendik başga filminden ýa-da serialyndan ýokarydyr.
​Sýužet Huntr/x atly zenan keý-pop topary barada gürrüň berýär. Rumi, Mira we Zoe sazyň kömegi bilen adamlary melgunlardan goraýarlar. Olara garşy bolsa Saja Boys atly erkek keý-pop topary çykyş edýär — olar Huntr/x toparynyň janköýerlerini özüne çekmäge synanyşýan, maska geýnen melgunlardyr.
​Multfilm iki sany «Altyn globus» baýragyna mynasyp boldy: iň gowy animasion film we iň gowy aýdym («Golden») hökmünde.
​Mattel we Hasbro kompaniýalary hem multfilm boýunça harytlary çykarýarlar. Mattel Huntr/x gurjaklaryny we kolleksiýa toplumlaryny, Hasbro bolsa ýumşak oýunjaklary, esbaplary we 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda satuwa çykan «Monopoly Deal: K-Pop Demon Hunters» kart oýnunyň ýörite görnüşini hödürlär. Beýleki harytlar 2026-njy ýylyň baharynda peýda bolar


27.06.2026 11:31
2.1k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....