LEGO 80 dollardan köp söwda eden müşderilerine «aşyk» pingwinleri sowgat berýär

  • 12.02.2026 10:31
  • 1.5k+

LEGO kompaniýasy aşyklar güni mynasybetli möwsümleýin aksiýasyny yglan etdi: 80 dollardan ýokary mukdarda haryt satyn alan müşderilere «Aşyk pingwinler» toplumy sowgat berilýär.
Bu toplumyň düzümine ýürek görnüşli galypda ýerleşdirilen iki sany pingwin şekili girýär. Gahrymanlar hökmünde pingwinleriň saýlanyp alynmagy — bu jandarlaryň öz taýy bilen bütin ömrüne bile ýaşap, wepalylygyň nyşany hasaplanýandyklary bilen baglydyr.
Şekilleriň kelleleri we ganatlary hereket edýär. Toplumda pingwinleriň biri-birine «sowgat berýän» kiçijik daşy we balygy hem bar.

278 bölekden ybarat modeliň taýýar görnüşiniň beýikligi 14 santimetrden hem artyk, ini we çuňlugy bolsa 10 santimetre deňdir.
Mundan başga-da, LEGO eýýäm mart aýynyň 1-ine satuwa çykaryljak «Ýüzüp barýan deňiz gunduzlary» atly täze toplumyny hem tanyşdyrdy. Onuň bahasy 119,99 dollar bolar.
Bu toplum 1234 bölekden ybarat bolup, olar arkaly beýikligi takmynan 8 santimetr, uzynlygy bolsa 30 santimetr bolan kompozisiýany gurup bolýar. Onda garnyna çagasyny alyp, arkan ýüzüp barýan ene deňiz gunduzynyň örän owadan görnüşi şekillendirilýär.


09.05.2026 15:23
2.4k+

«Forsaž-yň» birinji filmindäki Toyota Supra MK4 Lego toplumy görnüşinde çykaryldy

LEGO kompaniýasy meşhur «Forsaž» filminiň birinji bölümine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasynyň täze toplumyny yglan etdi. Modeliň esasynda 2001-nji ýylyň meşhur kinofilminde jemleýji ýaryşda görkezilen......

02.05.2026 12:00
2k+

Şrek batgalykda: LEGO meşhur multfilmiň äheňindäki ilkinji toplumlaryny hödürledi

“LEGO Group” Universal kompaniýasy bilen bilelikde "Şrek" multfilminiň äheňindäki taryhda ilkinji resmi konstruktor toplumlaryny tanyşdyrdy. Kolleksiýanyň çykarylmagy asyl animasion filmiň geljekki 25......

14.04.2026 14:51
954

Netflix «One Piece» animesiniň LEGO görnüşiniň treýlerini hödürledi

Netflix striming gullugy «One Piece» («Bir bölek») älemine esaslanan LEGO-spin-off barada habar berdi we taslamanyň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi....

25.02.2026 10:40
2.1k+

Lego bu gezek Klod Moneniň meşhur eserini konstruktora öwürdi

Metropoliten sungat muzeýi Lego kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda täze Lego Art toplumyny tanyşdyrdy. Bu täze önüm muzeýiň kolleksiýasynda saklanýan Klod Moneniň 1899-njy ýylda çeken «Liliýaly howzuň üstündäki köpri» (Bridge over a Pond of Water Lilies) atly kartinasynyň esasynda döredildi...