Belgiýaly adam Lego heýkeljikleriniň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady

  • 27.08.2025 16:03
  • 6.8k+

Belgiýaly Stiwen wan Daýk Lego heýkeljikleriniň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady. Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri onda 11 803 predmeti hasaba aldy. Bu öňki rekord eýesiniňkiden iki müň heýkel köpdür.

Stiwen ilkinji heýkeli sekiz ýaşynda alypdy. Bu gözi daňylgy we üstki eşigi gyzyl-gara zolakly garakçydy. 41 ýaşly kolleksioner bir gezek bu garakçyny ýitirendigini, soňra ejesiniň arassaçylyk işleri wagtynda ony tapandygyny we heýkeljigiň ýene-de kolleksiýa gaýdyp gelendigini gürrüň berýär.
Kolleksiýa şeýle bir uly welin, heýkelleriň hemmesini öýde doly görkezmek mümkin däl, şonuň üçin Stiwen ekspozisiýany wagtal-wagtal üýtgedýär.
Onuň aýtmagyna görä, her bir kiçijik heýkeljigiň öz taryhy bar. Kolleksiýa hem Lego-nyň klassyk gahrymanlaryny, şeýle-de, “Nindzýa pyşbagalary”, “Ýyldyz söweşleri, “Betmen” we “Winni-Puh” franşizalaryndan seýrek heýkelleri öz içine alýar.

“Lego heýkeljiklerini ýygnamak – bu diňe bir mukdar däl-de, eýsem täze detallary tapmakdan, beýleki kolleksionerler bilen alyş-çalyş etmekden we olary döredijilikli görkezmekden begenmek we tolgunmakdyr” – diýip, wan Daýk belleýär.


düýn 11:06
2.9k+

Iki alpinist Ewereste çykmak boýunça dünýä rekordlaryny täzeledi

Nepally alpinist Kami Rita Şerpa 32-nji gezek Ewereste çykyp, dünýäniň iň belent nokadyna çykmagyň sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Şol gün onuň watandaşy, 53 ýaşly Lhakpa Şerpa hem 11-nji gezek......

21.05.2026 16:05
7.7k+

Braziliýaly üç uýa jemi 316 ýaşap, dünýä rekordyny goýdular

Braziliýaly üç uýa jemi 316 ýaşap, uzak ýaşamak boýunça dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Need To Know neşiri habar berdi....

13.05.2026 23:15
4.1k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......

13.05.2026 12:16
3.9k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....