Lego konstruktory stratosfera uçurylandan soň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 04.05.2026 11:12
  • 1.3k+

“Awe Mariýa” taslamasy” («Проект “Аве Мария”») filminiň sýužeti esasynda döredilen Lego konstruktory stratosfera uçuşyndan soň dünýä rekordyny goýdy.

Bu ýörite toplum stratostat arkaly uçuryldy we Ýerden 34,9 km belentlige çenli galdy. Bu görkeziji Lego konstruktory üçin ilkinji şeýle ýokary sepgit bolup, taslamanyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegine mümkinçilik berdi.

Uçuş dolulygyna wideo düşürilip, onda apparatyň ýokary galşy hem-de yzyna dolanyşy jikme-jik hasaba alyndy. Missiýa tamamlanandan soň, gurluş bellenen ýere gondy.

Bu taslama 2026-njy ýylda ekranlara çykan «”Awe Mariýa” taslamasy» («Проект „Аве Мария“») filminiň mahabat kampaniýasynyň bir bölegine öwrüldi.

Endi Weýriň romany esasynda surata düşürilen bu filmde mekdep fizika mugallymy Raýland Greýsiň (roluny Raýan Gosling ýerine ýetirýär) kosmosda özüni gelip, Günüň sönmeginiň öňüni alyp, ony halas etmek üçin çykalga gözleýşi gürrüň berilýär.


24.03.2026 16:50
1.8k+

LEGO 32 gektar meýdanda äpet Gün energiýa parkyny döredýär: ol ýerde 30 700 panel oturdylar

LEGO Group kompaniýasy Wirjiniýa ştatynyň (ABŞ) Çesterfild okrugynda öz hususy Gün elektrostansiýasy bolan önümçilik toplumyny gurýar. Taslama 32 gektar meýdany tutýan Gün energiýa parkyny döretmegi göz öňünde tutýar diýip, Interesting Engineering habar berýär...

14.02.2026 18:31
7.5k+

Sönmez yşyk: Kaliforniýada 125 ýyl bäri ýanyp duran lampa syýahatçylary haýran edýär

Kaliforniýanyň ýangyn söndüriş bölümleriniň birinde 1901-nji ýylda ýakylan lampa henizem işläp dur. Daily Mail neşiriniň ýazmagyna görä, şol sebäpli bu ýer syýahatçylaryň arasynda meşhur ýerleriň birine öwrüldi...

09.01.2026 11:28
6.5k+

Hytaý dünýäniň iň çalt otlusyny jemleýji synaglara taýýarlaýar

2026-njy ýylda dünýäniň iň çalt elektrik otlusy bolan CR450 ýolagçy gatnawlaryna rugsat almak üçin iň soňky "ulanylyş bahalandyrmasyndan" geçer. Hytaýyň China Railway Rolling Stock Corporation (CRRC) korporasiýasy demir ýol infrastrukturasyna 520 milliard ýuan maýa goýmagy we 2000 kilometrden gowrak täze ýoly işe girizmegi meýilleşdirýär...

26.12.2025 09:16
7.7k+

Hytaýly inženerler magnitli platformany 2 sekuntda 700 km/s tizlige çykardylar

Hytaýda geçirilen synaglaryň barşynda köp tonnalyk elektromagnit dartyş güýji bilen işleýän wagon-platformany bary-ýogy iki sekundyň içinde 700 km/s tizlige çykarmak başartdy. CCTV-niň habar bermegine görä, bu görkeziji şeýle gurluşlar üçin dünýä rekordy boldy...