Hytaý dünýäniň iň çalt otlusyny jemleýji synaglara taýýarlaýar

  • 09.01.2026 11:28
  • 6.5k+

2026-njy ýylda dünýäniň iň çalt elektrik otlusy bolan CR450 ýolagçy gatnawlaryna rugsat almak üçin iň soňky "ulanylyş bahalandyrmasyndan" geçer.

Hytaýyň China Railway Rolling Stock Corporation (CRRC) korporasiýasy demir ýol infrastrukturasyna 520 milliard ýuan maýa goýmagy we 2000 kilometrden gowrak täze ýoly işe girizmegi meýilleşdirýär. Esasy üns sagatda 400 km tizlik bilen hereket etmäge niýetlenen ugurlara gönükdiriler.
Otly öz ygtybarlylygyny subut etmek üçin jemi 600 000 kilometr ýol geçmeli bolar. Öňki geçirilen synaglarda bu otly eýýäm rekord derejede — sagatda 453 km tizlige ýetipdi.
Inženerler Çendu-Çunsin ugrunda täze tehnologiýalary synagdan geçirmegi we bar bolan ýollary döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýärler.
Inženerler otlynyň dizaýnyny we "içki gurluşyny" düýpli kämilleşdirdiler:

  • Agram we ölçeg: Täze model öňki nusgalaryndan 50 tonna ýeňil we 20 santimetr pes bolar.
  • Aerodinamika: Tekerler indi ýörite akymly korpusyň içinde gizlenýär. Bu bolsa beýleki gowulandyrmalar bilen bilelikde howanyň garşylygyny 22% azaltmaga mümkinçilik berdi.
  • Tizleniş dinamikasy: CR450 bary-ýogy 4 minut 40 sekuntda 350 km/sagat tizlige ýetýär. Bu görkeziji häzirki wagtda ulanylýan Fuxing otlusyndan takmynan iki minut çalt diýmekdir.

07.06.2026 20:08
4.3k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......

25.05.2026 16:14
5.4k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....