Hytaý kosmosda emeli adam embrionlary bilen synag geçirýär

  • 15.05.2026 11:06
  • 2k+

Hytaý orbital mikrograwitasiýada adamyň emeli embrionpisint gurluşlarynyň ösüşini öwrenmek boýunça dünýäde ilkinji synagyna başlady diýip, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň amaly kosmos ylymlary we inženerçilik merkezine salgylanýan Sinhua habarlar agentligi habar berdi.

Nusgalar 11-nji maýda "Týançžou-10" ýük gämisinde Hytaýyň Týangun kosmos stansiýasyna eltildi. Gelenden soň, kosmonawtlar olary synag modulyna geçirdiler, ol ýerde awtomatiki ulgam her gün iýmit gurşawyny täzeläp başlady.

Taslamanyň ýolbaşçysy Ýuý Lesýanyň sözlerine görä, gurluşlar adamyň sütün öýjüklerinden döredilýär. Ol olaryň hakyky adam embrionlary däldigini we doly bahaly organizme öwrülip bilmeýändigini, diňe ylmy barlaglar üçin model hökmünde ulanylýandygyny nygtady.

"Biz kosmosdan we Ýerden alnan nusgalaryň ösüşini deňeşdirmek arkaly, kosmos gurşawynda adam embrionlarynyň irki ösüşine täsir edýän faktorlary öwrenip, kosmosda uzak möhletläp ýaşalanda ýüzbe-ýüz bolunjak kynçylyklary we meseleleri çözüp biljekdigimize umyt baglaýarys" diýip, Ýuý Lesýan aýtdy.

Bu tejribede iki model ulanylýar: biri ýatgy öýjüklerine, beýlekisi bolsa mikrofluidik çipde ýerleşdirilýär. Şeýle nusgalar bir wagtyň özünde ýerüsti laboratoriýalarda hem öwrenilýär.

Bäş günlük sikl tamamlanandan soň, nusgalar orbitada doňdurylyp, ýerüsti ylmy-barlagyň netijeleri bilen deňeşdirme seljermesini geçirmek üçin Ýere ugradylar.


düýn 17:37
1.5k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......