Hytaýly inženerler magnitli platformany 2 sekuntda 700 km/s tizlige çykardylar

  • 26.12.2025 09:16
  • 7.7k+

Hytaýda geçirilen synaglaryň barşynda köp tonnalyk elektromagnit dartyş güýji bilen işleýän wagon-platformany bary-ýogy iki sekundyň içinde 700 km/s tizlige çykarmak başartdy. CCTV-niň habar bermegine görä, bu görkeziji şeýle gurluşlar üçin dünýä rekordy boldy.

Synag sürüşi 400 metr uzynlygyndaky ýöriteleşdirilen ýolda amala aşyryldy. Iň ýokary tizlik derejesine ýeteninden soň, platforma doly saklandy.
Bu tehnologiýanyň işlenip düzülmegi bilen Hunan welaýatynyň Çanşa şäherinde ýerleşýän Goranmak ylmy-tehniki uniwersitetiniň hünärmenleri on ýyllap meşgullandylar.
Inženerler relsiň ýüzi bilen göni galtaşman hereket etmek üçin magnit lewitasiýasy (maglev) ýörelgelerini ulandylar. Bu ulgamyň iş ýüzünde ulanylmagyna aşa ýokary tizlikli ulag magistrallaryny döretmek we kosmos pudagynyň zerurlyklary üçin garaşylýar.

"Bu işläp taýýarlama elektromagnit dartyşly wakuum ulaglaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar we aerokosmos tehnikalaryny uçurmak hem-de synagdan geçirmek üçin täze usullary hödürleýär" — diýip, Hytaýyň Merkezi telewideniýesi belleýär.


07.06.2026 20:08
4.5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......

25.05.2026 16:14
5.4k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....