Kaliforniýanyň ýangyn söndüriş bölümleriniň birinde 1901-nji ýylda ýakylan lampa henizem işläp dur. Daily Mail neşiriniň ýazmagyna görä, şol sebäpli bu ýer syýahatçylaryň arasynda meşhur ýerleriň birine öwrüldi.
Şu tomusda bu lampa özüniň 125 ýyllygyny «belleýär». Ginnesiň rekordlar kitaby ony dünýäde iň uzak wagtlap ýanyp duran çyra we Demirgazyk Kaliforniýanyň iň geň galdyryjy täsinlikleriniň biri hökmünde ykrar etdi.

1897-nji ýylda öndürilen bu lampa bary-ýogy 4 Wt ýagtylyk berýär. 125 ýylyň dowamynda ol bary-ýogy birnäçe gezek, esasan hem, ýangyn söndüriş bölüminiň başga ýere göçürilmegi sebäpli öçürildi. Soňky gezek bu ýagdaý 2013-nji ýylda, generatoryň batareýasynyň güýjüniň gutarmagy netijesinde bolup geçdi.
Hünärmenleriň pikiriçe, lampanyň şonça wagt işläp bilmegi onuň gurluşy bilen baglanyşyklydyr. Gysga wagtlaýyn ulanmak üçin niýetlenen häzirki lampalardan tapawutlylykda, onuň içindäki gyzyjy sim has ýogyn görnüşde ýasalypdyr. Ol işlenilen sellýulozadan we taplanan uglerod özeninden ybaratdyr.
Lampany Ogaýo ştatyndaky Shelby Electric Company kärhanasy öndüripdir. Bu kompaniýany 1912-nji ýylda General Electric özüne birleşdirenden soň, şeýle lampalaryň çykarylmagy bes edildi.
