Ýaponiýa lazer aragatnaşygy arkaly 2 Tbit/s tizlikde maglumat geçirip, dünýä rekordyny goýdy

  • 23.12.2025 18:27
  • 5.8k+

Ýaponiýanyň Milli maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary instituty (NICT), şäher gurşawynda lazer şöhlesiniň kömegi bilen maglumatlary 2 Tbit/s tizlikde üstünlikli geçirip, erkin giňişlikdäki optiki aragatnaşyk (FSO) boýunça dünýä rekordyny yglan etdi. Eurekalert neşiriniň ýazmagyna görä, bu üstünlik kämilleşdirilen ykjam optiki terminallaryň işlenip düzülmegi netijesinde mümkin boldy.

Institut bu synagyň 2025-nji ýylyň aprel aýynda Tokioda geçirilendigini habar berdi. Maglumatlaryň geçirilmegi atmosferanyň güýçli turbulentliligi (howa akymlarynyň bökdençligi) şertlerinde, iki sany kiçi göwrümli terminalyň — ýokary öndürijilikli FX we ýönekeýleşdirilen ST modelleriniň arasynda, 7,4 km aralykda amala aşyryldy. Umumy 2 Tbit/s tizlik, her biri 400 Gbit/s bolan bäş kanalyň tolkun uzynlygy boýunça utgaşdyrylmagy (multiplexing) arkaly gazanyldy.
Bu taslamanyň esasy öňegidişligi enjamlaryň kiçeldilmegidir: öň beýle terabit tizlikleri diňe uly göwremli stasionar enjamlarda görkezilipdi.
Täze döredilen terminallar kiçi emeli hemralarda (meselem, CubeSat) we stratosfera platformalarynda gurnamak üçin amatlydyr. Bu bolsa howa we kosmos aragatnaşyk ulgamlary üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Geljekki 10 ýylyň dowamynda, 5G/6G nesillerinden hem öňe geçjek aragatnaşyk taslamalarynyň çäginde, howa we kosmos torlary üçin köp terabitlik optiki magistrallary döretmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa global kommunikasiýalaryň maglumat geçirijilik ukybyňy düýpli ýokarlandyrar.


08.06.2026 16:26
5.1k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

31.05.2026 13:26
1.8k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

21.05.2026 12:07
3.4k+

Genetikler ýaponlaryň gelip çykyşynyň täze şahasyny tapdylar

Ýaponiýanyň RIKEN institutynyň alymlary ýurduň ilatynyň iň uly göwrümli genom seljermesini geçirip, häzirki zaman ýaponlarynyň ozal çaklanylyşy ýaly iki däl-de, eýsem üç sany nesil toparyndan gelip çykandygy......