Genetikler ýaponlaryň gelip çykyşynyň täze şahasyny tapdylar

  • 21.05.2026 12:07
  • 3.4k+

Ýaponiýanyň RIKEN institutynyň alymlary ýurduň ilatynyň iň uly göwrümli genom seljermesini geçirip, häzirki zaman ýaponlarynyň ozal çaklanylyşy ýaly iki däl-de, eýsem üç sany nesil toparyndan gelip çykandygy baradaky netijä geldiler. Bu ylmy gözlegiň netijeleri Science Advances žurnalynda çap edildi.

Genetikler ýurduň ýedi sebitinden bolan 3200-den gowrak adamyň DNK-syny barladylar. Netijede, ozaldan mälim bolan «dzýomon» diýlip atlandyrylýan awçy-ýygnaýjylar toparyndan hem-de ýurda şaly ekmek medeniýetini getiren Gündogar Aziýa migrantlaryndan başga-da, Demirgazyk-Gündogar Aziýa we gadymy emisi halky bilen baglanyşykly täsin bir nesil şahasy-da bolandyr diýlen çaklama döredi.

Bu genetiki aýratynlyk häzirki wagtda Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar sebitlerinde ýaşaýan ilatda has güýçli derejede ýüze çykýar. Gözlegler şonuň bilen birlikde, dzýomon toparyna degişli DNK-nyň iň ýokary mukdarynyň 28,5% görkeziji bilen Okinawa adasynda saklanyp galandygyny görkezdi. Ýurduň günbatar sebitlerinde bolsa Hytaýyň ilaty bilen genetiki baglanyşyklar has ösen bolup, alymlar munuň sebäbini biziň eramyzyň 250–794-nji ýyllary aralygynda bolup geçen göçhä-göçüşlikler bilen düşündirýärler.

Mundan başga-da, alymlar häzirki ýaponlaryň geninde gadymy adamlar bolan neandertallardan we denisowlardan galan 44 sany DNK bölejigini tapdylar. Bu bölejikleriň käbiri ýürek, prostat düwnügi we bogun agyrysy ýaly keselleriň ýüze çykmak ähtimallygyna golaýdyr. Esasan hem, denisowlardan galan bir bölejigiň adamda ikinji görnüşli süýji keseliniň döremegine we olaryň semaglutid diýen dermany kabul edişine täsiriniň bardygy anyklanyldy.

Gözlegçiler bu tapyndylaryň dünýäniň gen maglumatlary hazynasynda ýeterlik derejede görkezilmeyän aziýa halklaryna degişli her bir näsagy onuň öz genine we beden aýratynlygyna görä ýöriteleşdirilen usulda bejermäge uly kömek etjekdigine ynanýarlar.


düýn 10:51
796

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....