Indi iki sany Bugatti giperkaryny LEGO konstruktorlary görnüşinde gurup bolar

  • 16.01.2026 08:38
  • 2k+

Bugatti kompaniýasy LEGO bilen täze hyzmatdaşlygy yglan etdi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Bugatti Chiron Pur Sport we Bugatti Vision Gran Turismo giperkarlarynyň nusgalaryny düzüp boljak iki sany täze toplum döredildi.

Bugatti Chiron Pur Sport modeli "LEGO Technic" seriýasyna degişlidir. Bu toplum 771 bölekden ybarat. Düzülen awtoulagyň işleýän rul dolandyryş ulgamy bar, gapylary we kapoty açylýar. Hatda meşhur W16 hereketlendirijisi hem jikme-jik görkezilipdir. Modeliň uzynlygy 29 sm, ini 13 sm we beýikligi 8 sm-e deňdir.
Bugatti Vision Gran Turismo konsepsiýasy 2015-nji ýylda ýörite wideooýunlar üçin işlenip düzülipdi. Oňa bagyşlanan toplum "Speed Champions" seriýasyna degişli bolup, 284 bölekden ybaratdyr. Düzülen modeliň ölçegleri: uzynlygy 14 sm, ini 8 sm we beýikligi 4 sm.
Ýewropada Chiron Pur Sport konstruktorynyň bahasy 65 ýewro, Vision Gran Turismo modeliniň bahasy bolsa 28 ýewro diýlip kesgitlendi. Bu täze modeller "Bugatti Centodieci" we "Bugatti Bolide" ýaly öňki LEGO toplumlarynyň hataryna goşulyp, markanyň kolleksiýasyny has-da giňeltdi.


22.06.2026 14:34
2.5k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

08.04.2025 13:54
5.6k+

Şwesiýaly bir adam Lego kubiklerinden doly göwrümli Volvo V70-i gurnady. Ony sürüp bolýar

Şwesiýaly höwesjeň Dewid Gustafson Lego konstruktoryndan Volvo V70-iň doly göwrümli modelini döretdi. Awtoulagy ýygnamak üçin oňa dört ýyl töweregi wagt gerek boldy diýip, auto.ru habar berýär. Taslama Brick Scale...

21.06.2026 21:15
4.6k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......