LEGO Nintendo Game Boy pristawkasynyň görnüşinde konstruktor çykardy

  • 28.07.2025 13:55
  • 1.9k+

LEGO 1989-njy ýyldaky Nintendo Game Boy oýun pristawkasynyň görnüşinde ýygnalýan täze düzüt toplumyny hödürledi. Ol daniýaly oýnawaç öndürijisiniň Ýaponiýanyň Nintendo wideooýun döredijisi bilen hyzmatdaşlygynyň netijesi boldy. Hyzmatdaşlyk barada şu ýylyň ýanwarynda yglan edildi.

Toplum 421 bölekden ybarat bolup, hakyky pristawkanyň ölçegini hem daşky görnüşini gaýtalaýar. Oňa hakyky ýaly basylýan düwmeler, kartrijler we animasiýa effektli ekran girýär. Toplumyň böleklerinde ýelmentgi ulanylmady – ähli suratlar göni bölekleriň ýüzüne basyldy.
Topluma Super Mario Land we Link’s Awakening oýunlary bilen iki (hakyky däl) kartrij girýär. Olary konsola oturtmak bolýar: syn ediş burçy üýtgän ýagdaýynda ekranda oýun prosesiniň janlandyrylan effekti döreýär.
#72046 belgili LEGO toplumy heniz bölek satuwa çykmady, ýöne 60 dollardan deslapky sargyt üçin elýeterli. Ilkinji üpjünçiligiň 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda bolmagyna garaşylýar.
LEGO belli oýun brendleri bilen hyzmatdaşlykda şeýle ýygnalýan toplumlary yzygiderli çykarýar. Mysal üçin, öň Fortnite we arkad maşynlary bilen bagly toplumlar çykarylypdy.



09.05.2026 15:23
2.4k+

«Forsaž-yň» birinji filmindäki Toyota Supra MK4 Lego toplumy görnüşinde çykaryldy

LEGO kompaniýasy meşhur «Forsaž» filminiň birinji bölümine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasynyň täze toplumyny yglan etdi. Modeliň esasynda 2001-nji ýylyň meşhur kinofilminde jemleýji ýaryşda görkezilen......

02.05.2026 12:00
2k+

Şrek batgalykda: LEGO meşhur multfilmiň äheňindäki ilkinji toplumlaryny hödürledi

“LEGO Group” Universal kompaniýasy bilen bilelikde "Şrek" multfilminiň äheňindäki taryhda ilkinji resmi konstruktor toplumlaryny tanyşdyrdy. Kolleksiýanyň çykarylmagy asyl animasion filmiň geljekki 25......

14.04.2026 14:51
963

Netflix «One Piece» animesiniň LEGO görnüşiniň treýlerini hödürledi

Netflix striming gullugy «One Piece» («Bir bölek») älemine esaslanan LEGO-spin-off barada habar berdi we taslamanyň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi....

25.02.2026 10:40
2.1k+

Lego bu gezek Klod Moneniň meşhur eserini konstruktora öwürdi

Metropoliten sungat muzeýi Lego kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda täze Lego Art toplumyny tanyşdyrdy. Bu täze önüm muzeýiň kolleksiýasynda saklanýan Klod Moneniň 1899-njy ýylda çeken «Liliýaly howzuň üstündäki köpri» (Bridge over a Pond of Water Lilies) atly kartinasynyň esasynda döredildi...