“Formula-1-iň” sürüjileri LEGO-dan düzülen ulaglarda ýaryşdy

  • 08.05.2025 12:11
  • 2.7k+

Geçen dynç günleri Maýaminiň Halkara awtodromynda “Formula-1” çempionatynyň altynjy tapgyry başlamazdan ozal ýaryşa gatnaşyjylaryň däp bolan ýörişi geçirildi. Bu gezek olar aýlawy adaty ulaglaryň deregine LEGO böleklerinden ýygnalan doly göwrümli bolidlerde geçdi diýip, Reuters habar berýär.

Bu ulaglar toparlaryň hakyky awtomobilleriniň reňklerinde bezeldi.

“Maňa häzire çenli “Sürüjileriň ýörişinde” şeýle hezil bolmandy. Käbir garşydaşlaryň gödek hereket edip, düzgünleri bozandygyna garamazdan, biz hakykatdan hem lezzet aldyk. Maýamidäki ýaryş uik-endiniň ähli günlerinde münberleriň janköýerlerden doly bolmagy örän gowy we biz bu aýlawda köpçüligi görmäge şat” – diýip, “Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony, “Ferrariniň” sürüjisi Lýuis Hemilton teswir berdi.

Taslama Çehiýanyň Kladno şäherinden 26 inžener tarapyndan amala aşyryldy. Olar liwreýalary (awtobezegler) we hemaýatkärlik ýelmentgileri bolan 10 sany iki orunlyk bolidleri ýygnady. Her bir ulagyň agramy bir tonna golaý bolup, takmynan, 400 müň LEGO böleginden ybarat. Şeýle-de, olar Pirelli tekerleri bilen üpjün edildi we tizligini 20 km/sag çenli artdyryp bilýär.
Bu LEGO-nyň “Formula-1” bilen ilkinji hyzmatdaşlygy däl. 2025-nji ýylyň mart aýynda wengriýaly fotosuratçy Benedek Lampert LEGO böleklerini we ýörite effektleri ulanyp, ýollardan we ýaryşlardan sahnalary gaýtadan dikeltdi.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....