19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

  • şu gün 07:51
  • 667

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň awtodromynda geçirildi.

Antonelli üçin bu üstünlik yzly-yzyna gazanylan bäşinji ýeňiş boldy.

Ikinji orny «Ferrari» toparyndan Lýuis Hemilton eýeledi, üçünji bolup «Red Bull» toparyndan Isak Hažar pellehana geldi. «Red Bull» toparynyň gyzyl baýdaklar astynda Hažaryň bolidinde üýtgeşmeler edendigini we munuň Isaka podiumdan mahrum bolmagyna az galandygyny bellemek gerek. «Red Bull» derňew wagty öz haklylygyny subut etmegi başardylar.

Ýaryş «Ferrari-niň» piloty Şarl Lekleriň ýol heläkçiliginden soň, 68-nji aýlawda gyzyl baýdaklar bilen togtadyldy. Wakadan bada-bat soň, monegask (Monakonyň wekili) toparyň radiosy arkaly bolidiniň tormoz ulgamynyň işini emosional görnüşde tankyt etdi.

Lekler mundan ozal hem «Ferrari» awtoulagynyň tormozlary barada ençeme gezek şikaýat edip, bu meseläniň Monakodaky şowsuzlyklaryň esasy sebäpleriniň biri bolandygyny aýdypdy.
Ýaryş togtadylan pursadynda Antonelliden, Hemiltondan we Hažardan soňra «Mercedes-den» Jorj Rassell we «Alpine-den» Pýer Gasli gelýärdi. Iki pilotyň hem geçilmedik jerimeleri bardy.

Ýaryşyň dowamynda ýedi pilot pellehana ýetip bilmedi.


29.05.2026 15:15
18k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....