Nike we LEGO ilkinji bilelikdäki krossowka modelini hödürledi

  • 30.05.2025 12:19
  • 5.5k+

Nike we LEGO bilelikdäki kolleksiýasyndan ilkinji krossowka modelini – Air Max Dn-i hödürledi. Ol 2025-nji ýylyň awgustynda satuwa çykar diýip, Sneaker Bar Detroit habar berýär.

Bu brendleriň döredijilik bilen işjeň durmuş ýörelgesini utgaşdyrmaga gönükdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ilkinji model boldy.
Model doýgun sary reňkde (Tour Yellow) ýerine ýetirildi. Onuň üsti Lego kerpiçjikleriniň gurluşyna meňzeýär. Krossowkanyň dilinde LEGO logotipi ýerleşdirilen, Air Max “howa ýassyklarynyň” içinde bolsa mini-şekiller bar.


Krossowka ilkinji gezek 2024-nji ýylda Air Max Day-de hödürlenen Air Max Dn amortizasiýa ulgamy bilen üpjün edildi. Bu aýakgaby rahat edip, aýaga we damarlara agram düşmekden goraýar.
Topluma LEGO böleklerini saklamak üçin ýörite ýeri bolan firma gutusy girýär.
Krossowka jübütiniň çen-takmyn bahasy – 155 dollar.
Nike we Lego köpýyllyk hyzmatdaşlyk barada geçen ýyl şertnama baglaşdy. Hyzmatdaşlyk iki kompaniýanyň hem ýaş auditoriýasynyň ünsüni çekmäge gönükdirilendir.




05.06.2026 07:28
8.1k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

09.05.2026 15:23
2.5k+

«Forsaž-yň» birinji filmindäki Toyota Supra MK4 Lego toplumy görnüşinde çykaryldy

LEGO kompaniýasy meşhur «Forsaž» filminiň birinji bölümine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasynyň täze toplumyny yglan etdi. Modeliň esasynda 2001-nji ýylyň meşhur kinofilminde jemleýji ýaryşda görkezilen......

02.05.2026 12:00
2.1k+

Şrek batgalykda: LEGO meşhur multfilmiň äheňindäki ilkinji toplumlaryny hödürledi

“LEGO Group” Universal kompaniýasy bilen bilelikde "Şrek" multfilminiň äheňindäki taryhda ilkinji resmi konstruktor toplumlaryny tanyşdyrdy. Kolleksiýanyň çykarylmagy asyl animasion filmiň geljekki 25......

14.04.2026 14:51
968

Netflix «One Piece» animesiniň LEGO görnüşiniň treýlerini hödürledi

Netflix striming gullugy «One Piece» («Bir bölek») älemine esaslanan LEGO-spin-off barada habar berdi we taslamanyň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi....