Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

  • 05.06.2026 07:28
  • 8.5k+

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde onlarça meşhur türgenler we dünýä ýyldyzlary surata düşdi.

Taslama gatnaşyjylaryň arasynda Kriştianu Ronaldu, Kilian Mbappe, Winisius Žunior, Erling Holand, Wirdžil wan Deýk, Zlatan Ibrahimowiç, LeBron Jeyms, Erik Kantona, reper Trewis Skott, Kim Kardaşýan, aktýor Çenning Tatum we adybir serialyň gahrymany Ted Lasso ýaly meşhurlar bar.

Ssenariýa görä, mahabat roliginiň surata düşüriliş işleri režissýoryň gözegçiliginden çykýar. Futbolçylar top oýnamaga gyzygyp, wakalary özbaşdak ösdürip başlaýarlar, ýöne ahyrynda olar ýene-de öňlerinde goýlan wezipä dolanýarlar.

Mahabatyň awtorlary filme futbol medeniýetine degişli köp sanly ýatlamalary we özboluşly pursatlary goşupdyrlar. Sahnalaryň birinde Erling Holandyň gol salanda edýän özboluşly hereketi görkezilýär. Şeýle hem rolikde Erik Kantonanyň «Kristal Pelas» toparyna garşy oýundaky galmagally wakadan soň çarlak guşy barada aýdan meşhur sözleri ýaňlanýar.

Aýry-aýry pursatlar Kilian Mbappe we Kriştianu Ronaldua bagyşlanypdyr. Ssenariýa boýunça Mbappe öz oýny barada pikir alşylýan pursatda studiýada peýda bolýar, Ronaldu bolsa Wirdžil wan Deýk bilen çaknyşandan soň, bir öýüň içine düşýär we şol öý soňra partlaýar. Şondan soň portugaliýaly ýyldyz «Still D.R.E.» aýdymynyň astynda daşary çykýar.

Mahabatda «Çelsiniň» ýarym goragçysy Koul Palmer hem görünýär, emma bu futbolçy Angliýanyň milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty üçin kesgitlenen resmi düzümine girip bilmändi.

Nike kompaniýasy durnukly ýagdaýda dünýä birinjiliklerine bagyşlap, uly göwrümli mahabat kampaniýalaryny taýýarlaýar. Braziliýada geçirilen 2014-nji ýylyň Dünýä çempionaty üçin taýýarlanan mahabat hem olaryň iň meşhurlarynyň biri hasaplanýar.


19.06.2026 19:56
6.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 14:06
7.6k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....