Crocs kompaniýasy Lego gurnamasynyň bölegi görnüşinde sabo aýakgaplaryny çykardy

  • 25.01.2026 13:14
  • 1.9k+

Crocs we Lego kompaniýalary bilelikde konstruktor bölekleriniň ulaldylan görnüşinde taýýarlanan sabo aýakgaplaryny çykardy. Täze önüm çagalar we ulular üçin kolleksion aýakgap hökmünde satylýar diýip, Bloomberg habar berýär.
Sabolaryň daşky görnüşi edil uly Lego gurnamalaryndan ýygnalan ýaly görünýär. Aýakgabynyň nusgasy gönüburçly kerpiçler görnüşde bolup, ol ýaşyl hem gyzyl reňkli nusgada hödürlenýär. Aýakgabyň bir tarapynda Lego nyşanynyň stilinde ýerine ýetirilen gyzyl Crocs logotipi, beýleki tarapynda bolsa konstruktory öndürijiniň öz logotipi ýerleşdirilipdir.
Seljerijileriň bellemegine görä, Crocs bu ädimi bilen täze alyjylar köpçüligini özüne çekmegi maksat edinýär. Pandemiýa döwründe bu brend amatly we elýeterli aýakgaplary bilen giň meşhurlyk gazanypdy. 2022-nji ýylda kompaniýanyň girdejisi 54% ýokary galdy. Emma soňra ýagdaý üýtgedi: çaklamalara görä, 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde girdejiler 7,5% azaldy. Lego bilen hyzmatdaşlygy brendiň ýene maliýe görkezijilerini gowulandyrmaga kömek etjekdigine garaşylýar.

Crocs kompaniýasynyň prezidenti Enn Melman iki kompaniýanyň hem muşdaklarynyň meňzeş taraplarynyň bardygyny belläp geçýär.
Täze nusga Pariždäki moda hepdeliginde görkezildi, ony meşhur reper Tommi Keş geýip görkezdi.

Sabolar 16-njy fewralda satuwa çykarylar. Ilki bilen diňe ulular üçin niýetlenen ölçegdäki aýakgaplar elýeterli bolar.
Aýakgabyň iň arzany 150 dollardan satylýar.


11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....