Portugaliýada Lego-dan äpet şäher guruldy. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 14.05.2025 15:59
  • 9.2k+

Portugaliýada Lego konstruktoryndan 70,614 inedördül metr meýdany tutýan şäher guruldy. Bu desga şekil berlen kerpiçjiklerden ýygnalan iň uly diorama hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Adaty bolmadyk gurnamany Portugaliýanyň Parque dos Dinossauros da Lourinhã (PDL) kompaniýasy döretdi. Onuň gurluşygyna konstruktoryň 239 444 elementi gitdi. Taslama hakyky şäheriň ähli aýratynlyklaryny bermäge synanyşan höwesjeňler topary gatnaşdy.
Ägirt dioramada binalar, ýollar, howa menzili, gurluşyk kranlary, awtoulag duralgalary, seýilgähler, awtoulaglar, zibil daşaýan awtoulaglar, hatda oba ýerli şäher etegi hem bar. Big Ben-i ýada salýan sagat diňi döredildi. Güýmenjeler ýarmarkasynda synlaýyş çarhy we karusel bar, şäheriň iki bölegi ullakan asma köpri bilen baglanyşdyrylypdyr.

Şäheriň, hatda Loh-Ness monstryny ýada salýan mifiki jandarly öz köli hem bar.
Suw howdanyna sýorfingçiler we gämiler ýerleşdirildi, gapdalynda bolsa Güne çoýunyp ýatylýan ýatalgalar we dynç alýan adamlaryň şekiljikleri bolan kenar guruldy. Şeýle hem şäherde şäher infrastrukturasynyň elementleri: 366 ulag, 176 agaç we 2328 gül bar.
Döredijiler Lego şäherini mümkin boldugyça hakykata ýakynlaşdyrmaga çalyşdylar. Diorama diňe bir tutýan meýdany boýunça rekord goýman, eýsem Lego ulanyp ýasalan, iň bir ownuk böleklerine çenli görkezilip taýýarlanan  işleriň birine öwrüldi.


18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....