Lego rowaýata öwrülen Ford Model T konstruktoryny çykardy

  • 05.03.2026 23:43
  • 2.7k+

Lego kompaniýasy awtoulaglaryň köpçülikleýin önümçilik döwrüniň öňbaşçysy hasaplanýan Ford Model T-e bagyşlanan täze toplumyny çykaryp, Lego Icons seriýasyny giňeltdi.

Toplumyň bahasy 129,99 dollar. Deňeşdirmek üçin: 1920-nji ýyllarda hakyky Model T-niň bahasy 250-den 290 dollara çenli bolupdyr.

Model gara reňkde ýerine ýetirilip, ak tekerleriň we mis öwüşginli radiatoryň imitasiýasyna eýedir. Mata eplenýän üçek hem gara reňkde. Konstruktor birnäçe hereketli elementler bilen enjamlaşdyrylan - öňdäki aýnanyň bölümleri aýrylýar; bir gapysy, kapoty we bagažy açylýar; ruly dolandyrylýan tekerler bilen baglanyşykly; öňdäki starteriň tutawajy hereketlendirijiniň wentilyatoryny aýlaýar; aýrylýan oturgyjyň aşagynda ýangyç bagy ýerleşdirilen.

Toplumda detallaryň sany - 1060 sany. Uzynlygy takmynan 29 sm, beýikligi bolsa 20 sm töweregi.

Modeli taýýarlamaga Ford-uň arhiwariýusy we dizaýn taryhçysy, şol bir wagtyň özünde Lego kolleksioneri bolan Ted Raýan gatnaşdy.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň tomsunda kompaniýa ýene bir klassiki Ford modelini — 1960-njy ýyllaryň 1241 detaldan ybarat Shelby Cobra 427 S/C ulagyny hem hödürläpdi.


29.05.2026 23:10
1.8k+

Lego Land Rover Defender wnedorožniginden we Jaguar Project 7 rodsterinden ybarat täze toplum çykarýar

Lego Speed Champions seriýasynyň hataryna 740 bölekden ybarat bolan täze toplum goşuldy. Bu toplum birbada Britaniýanyň meşhur awtomobilleriniň ikisini: Land Rover Defender wnedorožnigini we Jaguar Project 7......

25.05.2026 07:34
3.3k+

Lego ilkinji BMW M3 E30-y konstruktor görnüşinde çykarar

Lego kompaniýasy birinji nesil BMW M3 E30 kupesine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasyndan täze toplumy taýýarlaýar. Konstruktoryň satuwy 1-nji awgustda başlanar....

10.05.2026 19:42
1.9k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

27.04.2026 16:06
3.3k+

LEGO "Möý adam: Düýbünden täze gün" filmi esasynda üç täze toplumy döretdi

LEGO kompaniýasy "Möý adam: Düýbünden täze gün" filminiň geljekki premýerasyna bagyşlanan üç temaly toplumyň çykarylandygyny yglan etdi....