Riz Ahmed Şekspiriň häzirki zaman «Gamlet» dramasynda baş keşbi janlandyrdy

  • 26.02.2026 18:34
  • 2.5k+

Universal kinokompaniýasy Uilýam Şekspiriň dünýä belli «Gamlet» pýesasynyň täze ekranlaşdyrylan nusgasynyň ilkinji treýlerini tanyşdyrdy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Filmde baş keşbi «Oskar» baýragynyň eýesi Riz Ahmed janlandyrdy.

Klassiki tragediýanyň wakalary häzirki zaman Londona geçirilipdir. Sýužet baş gahrymanyň kakasynyň jaýlanyşygy üçin Londonyň günorta aziýaly begzadalar gatlagyna gelmegi bilen başlanýar. Kakasynyň arwahyndan ölümiň arkasynda agasy Klawdiýiň durandygyny bilen Gamlet, ar almagyň kül-külüne düşýär.
Filmiň aktýorlar düzüminde Morwet Klark, Jo Elwin, Timoti Spoll, Art Malik we Şiba Çaddha ýaly meşhur artistler bar.
Abraýly Rotten Tomatoes platformasynda bu adaptasiýa häzirden tankytçylaryň 82% oňyn sesini almagy başardy. Filmiň ABŞ-nyň kinoteatrlarynda 10-njy aprelde görkezilip başlanmagyna garaşylýar.
Taslamanyň režissýory Anil Karia, ssenariçisi bolsa Maýkl Lessli. Filmiň dünýä premýerasy 2025-nji ýylyň awgustynda Telluraýd kinofestiwalynda boldy, soňra bolsa Toronto şäherinde görkezildi.
Bu Anil Karianyň Riz Ahmed bilen ilkinji bilelikdäki işi däl. Mundan ozal aktýor Karianyň düşüren 12 minutlyk «Uzak hoşlaşyk» (The Long Goodbye) gysga göwrümli filminde hem baş keşbi ýerine ýetiripdi. Şol film 2022-nji ýylda «Iň gowy gysga göwrümli film» nominasiýasynda «Oskar» baýragyna mynasyp bolupdy.


21.06.2026 10:39
6.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

18.06.2026 09:53
2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

08.05.2026 22:18
2.5k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

04.05.2026 11:00
1.7k+

Türkmen filmleri Izmirde geçiriljek kinofestiwalda görkeziler

Şu gün Türkiýäniň Izmir şäherinde üçünji «Turan» halkara kinofestiwalynyň çäklerinde türkmen kinosynyň görkezilişi bolar. Çäre Egeý uniwersitetiniň Kommunikasiýalar fakultetiniň mejlisler zalynda sagat......