76-njy Berlin kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

  • 30.04.2025 13:39
  • 1.5k+

76-njy Berlin kinofestiwaly 2026-njy ýylyň 12-nji fewralyndan 22-nji fewraly aralygynda geçiriler. Bu barada abraýly kinofestiwalyň ýolbaşçylary resmi taýdan yglan etdi.

Bäsleşik we beýleki programmalara gatnaşyjylaryň sanawy geljek ýylyň başynda belli bolar. Emin agzalarynyň ýolbaşçysynyň ady hem heniz mälim edilmedi.
2025-nji ýylda ýubileý bolan 75-nji Berlinale Norwegiýanyň “Arzuwlar” (Мечты) melodramasynyň ýeňiji bolmagy bilen tamamlandy. Iň gowy zenan keşbi üçin baýragy “Eger aýagym bolan bolsa, seni deperdim” (Если бы у меня были ноги, я бы тебя пнула) filmi üçin Rouz Birn aldy. Iň gowy aktýor “Mawy Aý” (Голубая луна) filmindäki keşbi üçin Endrýu Skott boldy. Festiwalyň emin agzalaryna Todd Heýns (“Kerol”, “Men ol ýerde ýok”, “Gara suwlar”) ýolbaşçylyk etdi. 


şu gün 08:26
1.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

21.06.2026 10:39
6.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......