Gazagystanda geçirilýän "Gorkut Ata" kinofestiwalynda täze türkmen filmleri hödürlenildi

  • 03.10.2025 18:02
  • 4k+

Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň Aktau şäherinde geçirilýän «Gorkut Ata» halkara kino festiwalynda täze türkmen filmleri hödürlendi.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekiliýeti festiwala şu filmleri getirdi: režissýor Batyr Batyrowyň «Kämillige ýol 2: Erjellik» atly çeper filmi, režissýor Hekim Alowowyň «Kitap» atly filmi, režissýor Maksat Gylyjowyň «Ismim düşdi ilden-ile» atly filmi we režissýor Sähragül Janmämmedowanyň «…Senet däldir, ol sungatdyr» atly dokumental hronikasy.
Şeýle hem tomaşaçylara režissýor Wepa Işangulyýewiň «Gürgenç gözeli Törebeg» atly çeper filmi hem-de režissýor Zülfia Kadyrowanyň «Ynsan syrdaşy» atly işi görkeziler.
«Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň döredijilik meseleleri boýunça orunbasary Sahysalyh Baýramow çeper filmler boýunça eminler toparyna girizildi. Dokumental filmlere bolsa Döwletgeldi Hudaýberdiýew baha berer.
Bäsleşigiň ýeňijileri «Iň gowy çeper film», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy ssenari», «Iň gowy aktrisa» we «Iň gowy aktýor» nominasiýalary boýunça kesgitlener. Mundan başga-da, TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki medeniýete goşandy üçin» ýörite baýrak gowşurylar.
Festiwala Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Özbegistandan we Wengriýadan 250-den gowrak kino ussady gatnaşýar. Çäre 5-nji oktýabra çenli dowam edip, onuň çäginde kino sungatynyň ussatlary bilen döredijilik duşuşyklary guralar we myhmanlara 50-ä golaý bäsleşikli hem-de bäsleşiksiz dürli görnüşli filmler görkeziler.
2024-nji ýylda türk halklarynyň «Gorkut Ata» Halkara kino festiwaly Türkmenistanda geçirilipdi.


şu gün 08:26
1.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

düýn 09:29
3.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......