Magtymguly hakyndaky türkmen-özbek filmi Bolgariýada kinofestiwalyň baş baýragyny aldy

  • 21.09.2025 20:00
  • 7.5k+

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematograflarynyň hyzmatdaşlykda döreden «Magtymguly Pyragy» çeper filmi Bolgariýada geçirilen XIII Halkara «Slavýanska prikazka» kinofestiwalynyň baş baýragyna mynasyp boldy. Bu barada festiwalyň resmi Facebook sahypasynda habar berildi.

Film tomaşaçylary XVIII asyra alyp gidýär, türkmen şahyry we pelsepeçisi Magtymguly Pyragynyň durmuşyny beýan edýär. Kinoda onuň Buharadaky Gögeldaş medresesine hem-de Hywadaky Şirgazy han medresesine baran ýoly görkezilýär.
Filmiň režissýory hökmende özbegistanly Muzaffar Erkinow çykyş etdi. Esasy roly türkmen artisti Ahmet Amanmyradow ýerine ýetirdi, şahyryň kakasy Döwletmämmet Azadynyň keşbini bolsa Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew janlandyrdy.
Bu baýrak film üçin soňky bir ýylyň dowamynda halkara derejesinde alan ilkinji baýragy däl. Mundan ozal ol Londonda we Kazanda hem ýokary derejede bellenip geçilipdi, şeýle hem IV Halkara Gorkut ata kinofestiwalynyň iň gowy sungat filmi diýen ada mynasyp bolupdy.
Çeşmäniň maglumatyna görä, filmiň Bolgariýada gazanan üstünligi döredijileriň ýokary ussatlygyny hem-de halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň we Özbegistanyň medeni mirasyna bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär.


18.06.2026 18:15
2.9k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.5k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......