TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!
Tomus paslynyň gelmegi bilen ýaşaýyş jaýlarymyzyň arassalygy iň wajyp meseleleriň birine öwrülýär. Yssy günlerde öýleriň içiniň hemişe tämiz we sergin bolmagy maşgala agzalarynyň saglygy we rahatlygy üçin örän möhümdir. Şuny nazarda tutup, ýurdumyzda tämizlik pudagynda öňdebaryjy orunlary eýeleýän «Päkize» haly ýuwujy merkezi öýleriňiziň päkizeligi üçin özüniň ýokary hilli we professional hyzmatlaryny hödürleýär.
17 ÝYLLYK TEJRIBE WE ÝOKARY YNAM
Kompaniýa ilkinji gününden bäri müşderileriň ynamyny gazanmagy we olara iň kämil hyzmaty hödürlemegi özüne maksat edindi. «Päkize» haly ýuwujy merkezi «Isleg sizden — hyzmat bizden» diýen meşhur şygaryna ygrarly bolup, eýýäm 17 ýyl bäri halkymyza ýokary hilli, çalt we ygtybarly hyzmatlaryny hödürläp gelýär. Ýyllaryň dowamynda toplanan tejribe we öz işine ussat hünärmenler öýleriňiziň arassaçylygyny iň ýokary derejede üpjün etjekdigine kepil geçýär.
HÖDÜRLENILÝÄN PROFESSIONAL HYZMATLAR:
- «Päkize» merkezi diňe bir halylary däl, eýsem öý tämizligine degişli bolan giň gerimli hyzmatlaryny ýöriteleşdirilen enjamlar we ýokary hilli serişdeler bilen ýerine ýetirýär:
- Dürli ölçegdäki halylary ýuwmak (halylaryň reňkine we matasyna zeper ýetirmän, çuňňur tämizlemek);
- Ýorgan-düşekleri, odeýallary we matraslary arassalamak (tozany we zyýanly mikroblary doly ýok etmek);
- Ýumşak mebelleri tämizlemek (diwan-kreslolary we beýleki ýumşak mebelleri täze çykarylanýaly ýagdaýa getirmek);
- Tutulary, žalýuzlary we ş.m. ýuwup bermek (öýüňiziň bezegi bolan perdeleri olara hiç hili zeper ýetirmänarassalamak).
MUGT ÄKIDIP-GETIRME HYZMATY!
Müşderileriň wagtyny tygşytlamak we olara goşmaça oňaýlyklary döretmek maksady bilen, merkezde mugt äkidip-getirme hyzmaty ýola goýlandyr. Siz diňe jaň etmeli, kompaniýanyň işgärleri bolsa halylaryňyzy we beýleki tämizlenmeli zatlary gapyňyzdan alyp, gysga wagtyň içinde arassalanan görnüşde gapyňyza eltip bererler.
Öýüňiziň päkizeligini 17 ýyllyk tejribesi bolan hünärmenlere ynanyň! Tomsuň serginligini «Päkize» merkezi bilen bilelikde duýuň.
HABARLAŞMAK ÜÇIN TELEFON BELGILER:
- 28-79-94
- 20-50-03
- 66-95-32
- +993 62 64-70-05

