Lokarnodaky kinofestiwalyň baş baýragyny “Iki möwsüm, iki nätanyş” ýapon filmi aldy

  • 18.08.2025 15:59
  • 2.5k+

Lokarnoda (Şweýsariýa) geçirilen 78-nji kinofestiwalyň baş baýragyny – “Altyn barsy” režissýor Sýo Miýakeniň “Iki möwsüm, iki nätanyş” (Два сезона, два незнакомца) ýapon filmi aldy. Bu barada abraýly kinofestiwalyň guramaçylary habar berdi.

Film esasy bäsleşige gatnaşan 17 filmiň arasynda ýeňiji hökmünde saýlandy. Lokarnonyň baş baýragy soňky 18 ýylda ilkinji gezek ýapon filmine berilýär diýip, NHK neşiri belleýär.
Filme günorta koreýaly aktrisa Sim Yn Gýon we ýaponiýaly aktýorlar Susumi Siniti we Kawaý Ýumi gatnaşdy. Sýužetiň merkezinde nätanyş adamlar bilen duşuşyklaryň netijesinde öz durmuşyna gaýtadan göz aýlaýan zenan ssenariçi durýar.
Festiwalyň saýlanan filmleriniň ýene biri “Ak ulitka” (Белая улитка) boldy. Ol eminleriň Ýörite baýragyna we aktýorlyk üçin baýraklara mynasyp boldy. Iň gowy režissýor hökmünde “Ýaralanan toprak barada kyssalar” (Рассказы о раненой земле) filmi üçin Liwandan Abbas Fahdel ykrar edildi.
Esasy bäsleşigiň emin agzalarynyň başlygy kambojaly režissýor we Kann kinofestiwalynyň laureaty Riti Pan boldy.
Lokarnodaky kinofestiwal awtorlyk kinolarynyň Ýewropa festiwallarynyň iň gadymylarynyň biridir. Ol 1946-njy ýyldan bäri her ýyl awgust aýynda Şweýsariýanyň Lokarno şäherinde geçirilýär. Festiwalyň baş baýragy – “Altyn bars” esasy bäsleşigiň iň gowy filmi üçin berilýär.


şu gün 08:26
1.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

21.06.2026 10:39
6.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......