Berlin kinofestiwaly 2025-iň ýeňijileri yglan edildi

  • 24.02.2025 07:36
  • 2.2k+

Germaniýanyň paýtagtynda ýubileý 75-nji Berlin kinofestiwaly tamamlandy. Baş baýragy – “Altyn aýyny” şu ýyl norwegiýaly režissýor Dag Ýohan Hýougerudyň trilogiýasynyň jemleýji bölegi bolan “Arzuwlar” (Мечты) filmi aldy.

Režissýor filmde adam gatnaşyklarynyň we jemgyýetçilik kadalarynyň çylşyrymlylygyny seljerýär. Film FIPRESSI baýragyna-da mynasyp boldy.
Berlinaleniň emin agzalarynyň gran-prisi režissýor Gabriel Maskaronyň “Gök ýoda” (Голубая тропа) filmine berildi.
Iň gowy režissýorlyk işi üçin “Kümüş aýy” baýragyny hytaýly režissýor Men Hoa aldy. Onuň “Ýerdäki ýaşaýyş” (Жизнь на земле) filmine ýokary baha berildi.
Iň gowy keşp üçin baýragy “Eger aýagym bolan bolsa, seni deperdim” filmi (Если бы у меня были ноги, я бы тебя пнула) üçin Rouz Birn aldy. Ikinji plandaky iň gowy keşbi ýerine ýetiriji diýlip amerikaly Riçard Leinkleýteriň “Gök Aý” filmi (Голубая луна) üçin Endrýu Skott ykrar edildi. Bu film ekumeniki eminleriň hem baýragyny aldy.
Iň gowy ssenariý üçin “Kümüş aýy” rumyniýaly režissýor we ssenariçi Radu Žude berildi (“Kontinental ’25”).
Şu ýyl kinofestiwalyň emin agzalarynyň başlygy režissýor Todd Heýns (“Kerol”, “Maý dekabr”) boldy.
Berlin kinofestiwaly Kann we Wenesiýa bilen bir hatarda iň abraýly global kinofestiwallaryň biri hasaplanýar. Ol 1951-nji ýyldan bäri geçirilýär.


düýn 11:31
1.9k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
18k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....