Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature žurnalynda çap edildi.
Awçy-ýygyjylaryň kiçi toparlary Angara derýasynyň boýunda ýaşapdyrlar. Olar şäher gurluşygyndan, ekerançylykdan daşda bolup, itden başga öý haýwanlaryny saklamandyrlar. Şeýle-de bolsa, olar ok-ýaýy ezberlik bilen ulanyp, palçykdan gap-çanak ýasamagy başarypdyrlar.
Olaryň gonamçylyklary biri-birinden gaty uzakda – käbirleri 340 kilometre çenli aralykda ýerleşipdir. Muňa garamazdan, jaýlanan adamlaryň umumy nesil daragty bilen baglanyşyklydygy derýanyň boýunda özara gatnaşyklaryň bolandygyny görkezýär. Genetik seljermeler olaryň garyndaş arasyndaky nikadan gaça durandygyny we öz gurşawlaryndan daşarda maşgala gurandygyny subut etdi. Şol bir wagtda jaýlamak däpleri tapawutlanypdyr, käbir ýerlerde jesetler derýanyň ugruna görä, käbir ýerlerde bolsa tersine ýerlenipdir.
Irkutsk döwlet uniwersitetiniň, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň hem-de olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň barlaglary üçin bu guburlar iň esasy çeşme boldy.
Eske Willerslewiň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary Sibirdäki Ust-Ida-I, Şumiliha, Bratskiý Kamen we Serowo diýen dört sany gonamçylykdan tapylan 46 adamyn galyndysyny öwrendiler.
Edil jenaýat agtaryş sýužetini ýatladýan bu ýagdaýda gysga wagtyň içinde örän köp adam heläk bolupdyr. Pidalaryň arasynda çagalaryň we ýetginjekleriň sany aşa köp bolup, umumy guburlarda tutuş maşgalalar bilelikde jaýlanypdyr. Geň galdyrýan ýeri bolsa, tapylan süňklerde hiç hili zorluk yzynyň ýokdugydyr.
Diş arkaly goýlan kesgitleme: Yersinia pestis bakteriýasynyň tapylmagy
Ölümleriň syryny açmak üçin arheologlar genetikleri çagyrdylar. Adamyň gan akymyna düşen ýokanjyň dişlerinde saklanyp bilýändigi sebäpli, olar diş dokumalaryny barladylar.
DNK seljermesiniň netijesinde, 46 adamyň 18-sinde mergini dörediji Yersinia pestis bakteriýasy tapyldy. Iň uly gonamçylyk bolan Ust-Ida-da jaýlananlaryň üçden birinden gowragy hut mergi bilen (31 adamdan 11-si) kesellän eken. Şeýle hem bakteriýanyň gowy saklanan genomy Şumilihanyň galyndylaryndan, has gysga nusgalary bolsa Serowo we Bratskiý Kamenden tapyldy.
– Biz merginiň sebäp bolan köpçülikleýin ölüminiň iň irki subutnamalaryny tapmagy başardyk. Mergi – adamzat taryhynyň möhüm bölegi bolup, uzak wagtdan bäri ýaşap gelýär. Onuň gelip çykyşyny we ösüşini öwrenmek arkaly biz öz taryhymyza has gowy düşünýäris – diýip, barlagyň ýolbaşçysy Eske Willerslew gürrüň berýär.
Epidemiýanyň subutnamalary
Bakteriýanyň DNK-synyň tapylmagy adamyň hut şol keselden heläk bolandygyny gutarnykly aňlatmaýar. Emma alymlar merginiň ilkinji belli bolan epidemiýasy baradaky çaklamany tassyklaýan birnäçe delilleri utgaşdyrdylar:
Guburlaryň bir wagtda bolmagy: Arheologik barlaglar Ust-I-däki umumy guburlaryň soňra täzeden açylmandygyny görkezdi. Merhumlar şol bir wagtda jaýlanypdyr.
Çagalaryň arasyndaky ýokary ölüm derejesi: Ust-I-de we Bratskiý Kamen gonamçylyklarynda iň ýokary ölüm görkezijisi 7,5 we 11 ýaş aralygyndaky çagalarda hasaba alyndy, bu bolsa Sibirdäki şol döwre dahylly beýleki guburlar üçin mahsus däl ýagdaýdyr.
Maşgala ojaklarynyň kesellemegi: Bratskiý Kamende bir guburda üç sany gyzjagaz (4-9 ýaş aralygynda) tapyldy, olaryň ikisi garyndaş, üçünjisi bolsa şol bir ene ugruna degişli bolupdyr. Olaryň üçüsinde-de mergi anyklanyldy. Ust-Ida-I-de bolsa umumy guburda kesellän daýza we ýegen tapyldy. Edil şonuň ýaly, goňşy guburlarda ýatanlar hem dogan bolup çykdylar.
Beýleki sebäpleriň ýoklugy: Süňklerde ölüme getiren şikesler tapylmady. Jaýlananlaryň birinde brusellýez anyklanyldy, ýöne ol hem ölüm howply ýokanç däl.
Dürli adamlardaky bakteriýa genomlarynyň meňzeşligi, bu kiçi jemgyýetlerde epidemiýanyň onarça ýylyň dowamynda, hatda ondan hem çalt ýüze çykyp bilendigini görkezýär.
