Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

  • 27.05.2026 10:41
  • 3.1k+

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post» neşiri ýazýar.

Geçirilen ylmy gözlegiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň noýabr aýyna çenli, takmynan, 1,4 milliard ilaty bolan ýurtda gartaşan adamlar umumy ilatyň 15,87%-ini emele getirýärdi. Çagalaryň paýy bolsa 15,25%-e ýetýär.

Gözleg 20 milliondan gowrak ýaşaýjyny öz içine alýan saýlama usuly esasynda geçirildi. Hytaýda soňky gezek tutuş ýurt boýunça ilat ýazuwy 2020-nji ýylda geçipdi.

Alnan täze maglumatlar ýurtda zähmete ukyply ilatyň paýynyň kem-kemden azalýandygyny hem görkezýär. Häzirki wagtda 15-59 ýaş aralygyndaky ýaşaýjylar ýurduň umumy ilatynyň 61,89%-ini düzýär. Mundan on ýyl ozal bu görkeziji 67,33% derejesindedi.

Demografiýa boýunça bilermen He Ýafu ilatyň ýaş gurluşynyň üýtgemegi netijesinde Hytaýyň gartaşan adamlara seretmek boýunça asylly maşgala däp-dessurlarynyň çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň pensiýa ulgamyna düşýän agram we maliýe ýüki hem barha artýar.

Mundan ozal Hytaýda çaga dogulmagynyň sanynyň yzygiderli peselýändigi habar berildi. Ýanwar aýynda çap edilen resmi maglumatlara görä, bir ýylyň dowamynda täze doglan çagalaryň sany 17% azaldy. Ýurtda 11,31 million ölüm hasaba alnan bolsa, doglanlaryň sany 7,92 million boldy.


düýn 18:40
4.8k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

11.06.2026 14:01
8.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.9k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......