Örän elhenç: 1485-nji ýylyň kitaby orta asyr Ispaniýadaky Gün tutulmasy hakynda gürrüň berýär

  • 13.04.2026 14:43
  • 6.5k+

Teruel ýepiskoplygynyň arhiwinden 1485-nji ýyla degişli bolan örän seýrek inkunabula (çap maşynynyň ilkinji döwürlerinde çap edilen kitap) tapyldy. Bu kitapda lukman we astrolog Diego de Torresiň 1485-nji ýylyň 16-njy martynda boljak Günüň tutulmasyndan nähili aman galmalydygy baradaky maslahatlary ýerleşýär.

Şol döwürde Günüň tutulmagy diňe bir tebigy hadysa däl-de, eýsem mergi we beýleki köpçülikleýin keselleriň alamaty hasaplanypdyr. Hut şol sebäpli-de, awtor halkyň gorkusyna basalyk bermek ýörite gollanma taýýarlapdyr.

Diego de Torres bu kitabynda öz döwürdeşlerine Gün tutlmasyndan öňinçä ak çakyry zyňyp, diňe gyzyl çakyr içmegi, ýumurtga we balyk iýmekden saklanmagy, şeýle-de kesel degmez ýaly, elleri we öýleri uksusly (sirke) suw bilen ýuwmagy, gelýän derdi-beladan sowulmak üçin işjeň gezelenç etmegi maslahat beripdir.

Gyzykly tarapy, kitapda gözleri goramak barada hiç zat aýdylmaýar. Sebäbi şol wagtlar Gün tutulmasy şeýle bir eýmenç görnüpdir welin, hiç kim bu hadysany açyk göz bilen synlamaga milt edibem bilmändir.

Torresiň bu işiniň tapylmagy Ispaniýada 2026, 2027 we 2028-nji ýyllarda garaşylýan doly Gün tutulmalary bilen gabat geldi. Ýöne Euronews-iň örän jaýdar belleýşi ýaly, indi bar zat başgaça. Ýagny, XV asyrda adamlar Gün tutulmadan gorkup, ýaşaýan ýerlerini terk eden bolsalar, bu gün syýahatçylar täsin tebigy hadysanyň merkezinde bolmak üçin on müňlerçe ýewro sarp etmäge-de taýýardyr.

Bu taryhy taýdan gymmatly kitabyň dünýä boýunça bary-ýogy iki sany nusgasy bar. Olaryň birinjisi Kaliforniýada (doly däl görnüşde), ikinjisi bolsa Teruelde tapylan, şu gürrüňi edilýän nusga bolup, ol biziň günlerimize çenli gaty gowy ýagdaýda saklanyp galypdyr.


düýn 14:28
1.1k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......