Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

  • 28.05.2026 18:53
  • 1.1k+

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar.

«Googlebook» diňe bir kompaniýanyň öz tarapyndan öndürilýän aýrybaşga noutbugy bolman, eýsem bu brend astynda dürli öndürijileriň Gemini funksiýalaryny goldaýan enjamlary çykarylar. Google muňa meňzeş çemeleşmäni eýýäm «Chromebook Plus» hatarynda hem ulanýar.

Enjamlary öndürmek bilen «Acer», «Asus», «Dell», «HP» we «Lenovo» ýaly iri kompaniýalar meşgullanar. Bu noutbuklaryň esasy aýratynlyklarynyň biri, olarda ozal «Pixel C» planşetinde batareýanyň zarýad derejesini görkezmek üçin ulanylan reňkli «Glowbar» zolagynyň bolmagydyr.

Täze noutbuklaryň klawiaturasynda Gemini üçin ýörite düwme dörediler. Şonuň bilen birlikde, ulgamda «Magic Pointer» funksiýasy peýda bolar. Bu kursor tertibi Gemini-ä ekrandaky şekilleri tanamaga we tekst boýunça kömek bermäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, kompaniýa Android ulgamy bilen has giňeldilen utgaşmasyny yglan etdi. Ulanyjylar faýllary smartfonuň we noutbuguň arasynda has çalt geçirip bilerler, şeýle hem enjamlaryň faýl ulgamlary özara birleşdiriler.


düýn 23:04
2.2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......