Nintendo-nyň täze mobil goşundysy suratlary oýunlara öwürmäge mümkinçilik berer

  • 23.05.2026 11:13
  • 2.6k+

Nintendo kompaniýasy iOS we Android ulanyjylaryna suratlary mini-oýunlara öwürmäge mümkinçilik berýän «Pictonico!» atly goşundysyny çykarar.

Goşundyny 28-nji maýda çykarmak meýilleşdirilýär. Ulanyjylara mugt wersiýa we ýazylyşyk (abuna) hyzmaty elýeterli bolar.

Suraty ýükländen soň, oňa dürli oýun elementlerini goşmak mümkin bolar. Mysal üçin, suratyň ýüzündäki adamyň agzyny zamok bilen ýapyp bolar. Nintendo ulanyjylaryň suratlarynyň ýatda saklanyp galmajakdygyny mälim etdi.

Ozal kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy täze «Pokemon Pokopia» oýnunyň üstünlikli çykmagy bilen bir hepdäniň içinde 14 milliard dollara ýokarlandy. Bu taslama durmuş simulýatory bolup, onda oýunçylar pokemonlar bilen öz ilatly nokatlaryny ösdürip bilerler.


09.06.2026 23:04
2.7k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......