Ilon Mask: «Starship-iň täze nesli mart aýynda ilkinji uçuşyny amala aşyrar»

  • 23.02.2026 14:41
  • 3.4k+

Ilon Mask özüniň X jemgyýetçilik torunda täze nesil Starship kosmos gämisiniň şu ýylyň mart aýynda ilkinji gezek uçuryljakdygyny habar berdi.

Flight 12 uçuşy Starship V3 arhitekturasynyň ilkinji synagy bolar. Bu gäminiň has kämilleşdirilen we güýçli görnüşidir. Aslynda uçuş has ir meýilleşdirilipdi, emma 2025-nji ýylyň noýabrynda geçirilen synaglar wagtynda Booster 18 tizlendirijisine zeper ýetipdi. Indi bu missiýa üçin Booster 19 we Ship 39 toplumy taýýarlanylýar.
Uçuşyň ilkinji gezek Tehasdaky Starbase bazasynyň ikinji goýberiş meýdançasyndan amala aşyrylmagyna garaşylýar, Ol öňki missiýalaryň profilini gaýtalar, ýöne bu gezek Mechazilla bilen tizlendirijini we gämini gapmak göz öňünde tutulmaýar.
Maskyň aýtmagyna görä, SpaceX şu ýyl Starship gämisiniň doly köp gezeklik ulanylyşyny subut etmegi meýilleşdirýär. Bu bolsa kosmosa çykmagyň bahasyny 100 esse arzanladar. SpaceX kompaniýasy Pad 2 meýdançasynyň gurluşygyny tamamlap barýarka, eýýäm Pad 1 meýdançasyny döwrebaplaşdyrmak üçin taýýarlyk işlerine hem başlady.


22.05.2026 14:44
2k+

Ilon Maskyň X sosial ulgamynyň programmasynyň ýüklenmesi 1 milliarddan geçdi

Milliarder Ilon Maska degişli bolan X sosial ulgamynyň ykjam programmasynyň smartfonlara ýüklenen sany 1 milliarddan geçdi. Bu uly üstünlik barada Maskyň özi habar berdi....

19.05.2026 15:04
7.4k+

Ilon Mask OpenAI kompaniýasyna garşy kazyýet dawasynda ýeňildi

Demirgazyk Kaliforniýanyň Federal okrug kazyýeti milliarder Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçylygyna, şol sanda baş direktor Sem Altmana we kompaniýanyň prezidenti Greg Brokmana garşy beren şikaýat......

17.05.2026 20:40
5.7k+

Gatnaşyjy zenan Neuralink-iň kömegi bilen 20 ýyllyk ysmazdan soň ýene surat çekip başlady

Neuralink kompaniýasy Odri atly kliniki synaglara gatnaşyjy zenan barada gürrüň berdi. Onuň «mee-kompýuter» interfeýsiniň kömegi bilen 20 ýyldan gowrak wagtlap dowam eden ysmazlykdan soň, ýene-de surat çekmek......

14.05.2026 00:17
5.1k+

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......