Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

  • 14.05.2026 00:17
  • 5.1k+

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we işläp biljekdigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, birinji tapgyrda Aý bazasy degişli ýaşaýyş üpjünçilik ulgamlary bolan çişirilen ýaşaýyş giňişligi bolar.

"Soňra, 2030-njy ýyllarda, Nýu-Ýorkdaky jaýyňyzyň daş işigindäki basgançagynda oturyp, Aýyň ýüzündäki yşyklary synlap bilersiňiz, sebäbi adamlar ol ýerde ýaşap we işläp başlarlar" - diýip, startapyň baş direktory ynanýar.

Ilon Mask ozal on ýyla ýetmän Aýda öz-özüni üpjün edýän şäher döretmek baradaky meýilnamasyny yglan edipdi. Jeff Bezos tarapyndan esaslandyrylan Blue Origin kompaniýasy Aýda hemişelik baza gurmaga ünsi jemlemek üçin, hatda ýanwar aýynda suborbital syýahatçylykdan ýüz hem öwürdi.

Şeýle hem, Teýlor kosmos infrastrukturasyna maýa goýumlarynyň artandygyny belledi. Ol geçen ýyl telearagatnaşyk hemralaryny uçurmaklyga 45 milliard dollardan gowrak puluň gönükdirilendigini, 2024-nji ýylda bolsa bu maksat üçin 25 milliard dollara golaý puluň harçlanandygyny aýtdy.

"Kosmosda entek hiç mahal şeýle gyzgalaňly bolmandy" - diýip, Voyager Technologies kompaniýasynyň ýolbaşçysy ýöriteleşdirilen maksatnamalar üçin maliýeleşdirişiň ýagdaýyny beýan edýär.

Mundan başga-da, Teýloryň çaklamagyna görä, kosmosda maglumat merkezleri takmynan ýene bäş ýyldan peýda bolar, ýöne munuň üçin ýylylygy gapdala sowmak meselesini çözmeli.
 


düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....