Ilon Mask OpenAI kompaniýasyna garşy kazyýet dawasynda ýeňildi

  • 19.05.2026 15:04
  • 7.5k+

Demirgazyk Kaliforniýanyň Federal okrug kazyýeti milliarder Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçylygyna, şol sanda baş direktor Sem Altmana we kompaniýanyň prezidenti Greg Brokmana garşy beren şikaýat arzasyny ret etdi.

«BBC News» gullugynyň habar bermegine görä, bu çözgüt oturdaşlar kazyýeti tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Olar bu şikaýat arzasynyň şeýle işler üçin bellenilen möhlet geçenden soň tabşyrylandygy baradaky netijä geldi.

Kazyýet işi üç hepdeläp dowam etdi. Bu döwürde oturdaşlar kompaniýanyň içki hat-habarlaryny öwrendi we taraplaryň görkezmelerini diňledi. Karar iki sagatlap dowam eden maslahatlaşmadan soň yglan edildi.

Gutarnykly çözgüdi kazy Iwonn Gonsales Rojers kabul etmeli, ýöne ol eýýäm oturdaşlaryň netijeleri bilen ylalaşýandygyny mälim etdi.

«Meniň pikirimçe, oturdaşlar kazyýetiniň gelen netijesini tassyklaýan ýeterlik subutnamalar bar, şonuň üçin hem men bu işi gijikdirmän ýapmaga taýýar» – diýip, «CNN» kazynyň sözlerini getirýär.

Şikaýat arzasynda Mask OpenAI taslamasyna täjirçilik maksatly bolmadyk gözleg taslamasy hökmünde, takmynan, 38 million dollar maýa goýandygyny öne sürdi. Onuň pikiriçe, kompaniýanyň ýolbaşçylary emeli aňy jemgyýetiň bähbidine ösdürmegiň deregine täjirçilik işine üns berip, ilkinji ylalaşygy bozdy.

Mask Altmanyň we Brokmanyň OpenAI-yň dolandyryşyndan çetleşdirilmegini, kompaniýanyň täjirçilik bölüminiň işiniň bes edilmegini we özüne ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy talap etdi. Ol bu zyýanyň möçberini 150 milliard dollara çenli diýip bahalandyrdy.


27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

13.06.2026 12:23
8.5k+

Messi ChatGPT-niň mahabatynda düşdi

OpenAI kompaniýasy Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagynda ChatGPT-niň mahabat wideosyny hödürledi....

10.06.2026 11:22
1.9k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

10.06.2026 11:10
868

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......